Arkadag şäherinde halkara maýa goýum forumy geçirildi

Şu gün Arkadag şäherindäki Märkaw myhmanhanasynda Akylly şäher Arkadag atly halkara maýa goýum forumy geçirilýär. Onuň maksady ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, Arkadag şäherini durmuş-ykdysady, senagat taýdan ösdürmäge we akylly şäher konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge maýa goýumlary çekmekden ybaratdyr.

Täze şäherde ilkinji gezek guralýan maýa goýum forumyna daşary ýurtlardan we ýurdumyzyň döwlet hem-de hususy düzümlerinden wekilleriň 300-den gowragy gatnaşýar. Şolaryň hatarynda BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Türki döwletleriň Söwda edaralarynyň birleşmesiniň, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň, ABŞ-nyň John Deere, Beýik Britaniýanyň JCB, Täjigistan Respublikasynyň Samo, ABŞ-nyň Lindsay Irrigation kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Akylly şäher Arkadag atly halkara maýa goýum forumy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy.Onuň dowamynda Durnukly ösüşiň geljegi we şäherlerdäki täze tehnologiýalar, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, Akylly şäherleriň sanly infrastrukturasy we sanly innowasion tehnologiýalar atly mowzuklar boýunça çykyşlara orun berlip, maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek we ösdürmek barada özara pikir alşylar.

Maýa goýum forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak we resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Ertir myhmanlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy düzümleriň önümçilik toplumlaryna baryp görerler.

Bu barada Türkmenistan gäzetiniň elektron nusgasynda habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Akylly şäher Arkadag atly halkara maýa goýum forumy geçiriler
Awtoýoly Fil süzgüçleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär
Indoneziýa daşary ýurtly syýahatçylar üçin elektron wizany ýola goýdy
25.04.2019 | Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň mejlisi
Türkmenistan — Beýik Britaniýa: uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga tarap ugur
Traktoryň tizligi sagatda 217 km