Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbi tutuldy

Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbi tutuldy

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli, 22-nji sentýabrda Arkadag şäherinde çagalar seýilgähiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, dabara Arkadag şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäheriň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, çagalar seýilgähiniň gurluşygy ynanylan kärhananyň hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle hem myhmanlaryň hatarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyna we mukaddes Garaşsyzlygyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen daşary ýurtly türkmenler-de boldy.

Desganyň düýbüni tutmak dabarasy şäheriň döwlet sirkiniň we teatrlaryň artistleri tarapyndan taýýarlanylan köpöwüşginli edebi, aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Dabaranyň barşynda edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäheriniň degişli düzümleriniň netijeli işiniň ýola goýlandygy, bu ýerde şanly seneler mynasybetli dabaraly çäreleriň geçirilmeginiň asylly däbe öwrülendigi bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Kalbyň şypasy” atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy
Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek döwletimiziň we jemgyýetimiziň wezipesidir
Serdar Berdimuhamedow ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
"Türkmengaz" döwlet konserni Hytaý kompaniýasyndan göteriji buraw desgalaryny satyn aldy
Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi, Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy, Arkadagda çagalar seýilgähiniň gurluşygyna girişildi we beýleki habarlar
Dubaýda “ýüzýän” metjit gurlar