Arkadag şäherinde Baş metjidiň ýanynda okuw medresesi-de gurlar

Arkadag şäherinde Baş metjidiň ýanynda okuw medresesi-de gurlar

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgini we Ahal welaýatynyň täze merkezinde guruljak Baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Halk Maslahatynyň Başlygyny degişli taslamalar bilen tanyşdyrdylar.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň gurluşygy bilen baglanyşykly taslamalary hem-de çyzgylary synlap, bu ýerde okuw medresesiniň hem gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň gurluşygyna, onuň mährabynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemäge din wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular bilen maslahatlaşylyp başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Metjidiň içki bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini, gurluşykda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesiniň, olaryň amatlylygynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy yslam dünýäsinde metjidiň mährabynyň Käbä tarap bakdyrylýandygyny aýdyp, mukaddes binanyň gurluşygyna sähetli gün badalga berilmeginiň we bu işlere Käbä tarap bakyp başlanmagynyň göwnemakul boljakdygyny belledi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna Gökdepe metjidinde sadaka berildi
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy
Ahal welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna badalga berler
Gökdepede Gurbanguly Berdimuhamedowyň Käbä zyýaratyna bagyşlanyp sadaka berildi
Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi
Saud Arabystany haj wagty COVID-çäklendirmeleri ýatyrmakçy