Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi

Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi

Arkadag şäheri bagtyň we bagtyýarlygyň, ösüş-özgerişleriň, täzelikleriň şäheri. Ynsan göwünlerini birleşdirýän bu ajaýyp şäherde bu günki gün dünýä halklary jemlendi. Ýürekler birleşdi. Türkmenistan döwletimizde täze dörän Arkadag şäheriniň at-owazasy Ýer ýüzüne ýaň saldy. Gürrüň 14-nji we 15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen Arkadagyň säheri halkara film festiwaly barada barýar.

Medeni diplomatiýanyň taryhyna ýazylan bu uly çärä gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlar we tanymal kino işgärleri ýurdumyza geldiler.Olardan Taksi, Asteriks we Obeliks: Kleopatranyň missiýasy ýaly filmlerindäki döreden keşpleri bilen kinosöýüjileriň aňynda galan fransuz teatr we kino aktýory Eduar Montut, Ajaýyp asyr, Saýrak guş, Gara söýgi teleseriallarynyň gahrymany meşhur türk aktýory Burak Özçiwit ýaly ençeme ussatlary aýtmak bolar.

Dünýä döwletleriniň artistleriniň köpüsi Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýär.Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän halkara film festiwalyna gatnaşmak olar üçin uly hormatdyr.Bu döredijilik saparynyň dowamynda myhmanlar ýurdumyzyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik aldylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly: Häzirki wagtda biz ýurdumyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegine, surata düşürilen milli filmleriň köpçülige görkezilmegine, kinofestiwallaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara kinofestiwallara gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berýäris.

Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň esasy maksady bolsa kino sungatynda halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmekden we ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Bu halkara çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň meşhur kino hünärmenleriniň, kino aktýorlarynyň we kino bilermenleriniň gatnaşmaklary has-da buýsançlydyr.

Arkadagyň säheri halkara film festiwalynyň açylyş dabarasy, adatça, kino we teatr sungat işgärleriniň gyzyl halydan geçmegi bilen başlandy.Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, fotohabarçylar, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary, Merkezi Aziýa döwletleriniň kino işgärleri, daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda ýurdumyzyň Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň taryhy we häzirki döwürde ýeten derejesi barada taýýarlanylan wideofilmiň görkezilmegi çäräniň döredijilik ruhuny has-da belende göterdi.Teatra tarap uzalyp gidýän gyzyl ýoda boýunça ilkinji bolup ýurdumyzyň kino işgärleri, ýagny Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň Gyzyl kürte, Wada, Daragt, Ýaşlar, Kämillige ýol atly filmleriniň döredijilik toparlary, soňra bolsa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň döredijilik toparlary geçdiler.

Olaryň hatarynda, Özbegistanyň Kinematografiýa baradaky milli agentliginiň režissýory Dilşodbek Usmanow, Russia Today teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte, şeýle hem film tankytçysy Ihsan Nurullah Kabil, Bozdag Film kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, kino ýyldyzlary Burak Özçiwit, Özjan Çagry Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Bonjukçu, Fransiýa Respublikasynyň Monde et Media kompaniýasynyň artisti Eduard Montoute hem-de prodýuseri Jean-Mariýa Laronze bar.

Kino festiwaly ýörite düzülen maksatnama esasynda alnyp baryldy.Film forumynda birnäçe filmleriň ilkinji görkezilişi boldy we döredijilik ýygnaklary hem-de çykyşlar guraldy. Şu gün 15-nji oktýabrda paýtagtymyzyň Aşgabat kinoteatrynda Köneürgenç we Paýtagt Merw: beýik Seljuklaryň yzlary taryhy filmleriniň görkezilişiniň bolandygy bu sözlerimizi tassyk edýär.

Mundan başga-da, film festiwalynyň maksatnamasyna görä, Burak Özçiwitiň baş keşbi ýerine ýetiren Gurluş: Osman atly taryhy teleserialyň tanyşdyrylyşy boldy.Maglumat hökmünde ýatlap geçsek, bu teleserialyň dürli möwsümleri surata düşürilende, ýurdumyzyň wekilleri garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşaýjysy Gözel Röwşenowa dagy hem keşpleri janlandyrypdylar.

Medeni çäräniň myhmanlary ýurdumyzda şeýle kinofestiwallaryň geçirilmeginiň, tomaşaçylaryň film eserlerine bolan ýokary gyzyklanmasyny görkezendigini we goňşy döwletleriň kino işgärleri bilen özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döredendigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, şu gezekki festiwal umumy medeni giňişligi dünýä derejesinde baýlaşdyrmaga ajaýyp şertleri döretdi.

Ýene degişli makalalar

Kino sungatynyň baýramy
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy
Türkmen filmi halkara kinofestiwalda 1-nji orny eýeledi
Türkiýeli aktýor Burak Özçiwit Türkmenistana geldi
Mehmet Şimşek Omanda saparda bolýar
Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar