Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy

Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy

Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň has amatly şertlerde hereket etmekleri, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen 4-lük belgili täze ugur boýunça elektrobus gatnawy ýola goýuldy. Bu barada "Arkadag" gazetinde habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, täze gatnaw akylly şäheriň merkezi böleklerine çenli baryp ýetýär.Bu bolsa ýolagçylaryň barjak ýerlerine tiz we ygtybarly ýetmeklerini üpjün edýär.Täze ýola goýlan 4-lük belgili elektrobus Akhan binasy — Berdimuhamet Annaýew şaýoly ugry boýunça hereket edýär.

Täze ugur boýunça hereket Akhan binasyndan başlap, şäheriň Aba Annaýew şaýoluna düşýär.Soňra hereketiň gidişi we gaýdyşy şundan ybarat: Kärizek şaýoly — Berdi Kerbabaýew — Magtymguly Pyragy — Nury Halmämmedow köçeleri — Berdimuhamet Annaýew şaýoly — Mälikguly Berdimuhamedow şaýoly — Berdimuhamet Annaýew şaýoly — Çary Baýryýew — Magtymguly

Pyragy — Berdi Kerbabaýew köçeleri — Kärizek şaýoly — Aba Annaýew şaýoly — Keýmir kör şaýoly — Kerim Gurbannepesow — Gowşut han köçeleri — Aba Annaýew şaýoly — Akhan binasy.

Häzirki wagtda Arkadag — Wokzal, Arkadag — Bäherden aralyklarynda mikroawtobuslaryň hereket edýändigi, Arkadag — Teke bazar, Arkadag — Wokzal aralyklary boýunça 100 we 101 belgili ýolagçy awtobuslarynyň üznüksiz hereketleriniň ýola goýlandygy barada hem çeşmede bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türkmenistanda Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany atly halkara maslahat geçirildi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
ÝURDUMYZDA ILKINJI “AKYLLY” ARKADAG ŞÄHERINIŇ AÇYLYŞY MYNASYBETLI DABARALARA BADALGA BERILDI
Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli dabaralara badalga berildi