Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç

2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly taryhy maglumatlara baý ýyllaryň biri bolup, ajaýyp sepgitler öz beýanyny tapýar.Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellemek boýunça ýurdumyzda dabaralar, duşuşyklar, gezelençler yzygiderli ýola goýulýar.

Beýik söz ussadynyň şygyrlary geçmişiň, şu günüň, geljegiň ruhy mirasydyr.Türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryndan ugur alýan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ahal sebitlerine mahsus bolan taryhy we medeni gymmatlyklaryny, geçmişden şu güne çenli ýeten sepgitlerini öwrenilýär we halka ýetirilýär.

Türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni we milli gymmatlyklary bilen tanyşmak hem-de wagyz etmek maksady bilen dowamly täsirli we gyzykly gezelençler gurnalýar.S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk Uniwersitetiniň mugallymy Saparmyrat Annamuhammedowyň ýolbaşçylygynda mugallymlary we talyplary şeýle-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplarynyň gatnaşmagynda muzeýe gezelenje geldiler.

Olar muzeýdäki taryhy we medeni gymmatlyklaryň özlerinde galdyran täsirleri dogrusynda Arkadag teleýazgysynda çykyş etdiler.Muzeýiň Garaşsyzlyk bölümlerindäki garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, Etnografiýa bölümindäki türkmen halkynyň geçmişine degişli gyzykly maglumatlar, Sungat bölümindäki täsirli aýratynlyklar talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreler
Bilim ösüşleriň şamçyragy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki täze okuw jaýlarynyň açylyşyna gatnaşdy
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumyny açdy, Arkadag şäherinde bilim edaralarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, täze metbugat-sekretaryny wezipä belledi we beýleki habarlar