2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ýurt ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda halkyň kalbyna deňelýän medeniýet ulgamynda bolup geçýän ösüşler yhlasly işlemeklige borçlandyryp, täze-täze sepgitlere atarýar.
Türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlaryndan ugur alýan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Ahal sebitlerine mahsus bolan taryhy we medeni gymmatlyklaryny, geçmişden şu güne çenli ýeten sepgitlerini öwrenilýär we halka ýetirilýär.
Türkmen halkynyň dünýä ýaň salan taryhy, medeni we milli gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak hem-de wagyz etmek maksady bilen dowamly gurnalýan täsirli we gyzykly gezelençleriň, döwlet derejesinde geçirilýän gyzykly çäreleriň netijesinde gezelenje gelýänleriň sany günsaýyn artýar. Şu gün hem Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary muzeýe gezelenç etdiler we muzeýdäki taryhy hem-de medeni gymmatlyklaryň özlerinde galdyran täsirleri dogrusynda teleýazgyda çykyş etdiler.
Olar muzeýiň ekspozisiýa bölümlerine uly gyzyklanma bilen aýlandylar.Muzeýiň Garaşsyzlyk, Etnografiýa, Taryh we arheologiýa, Sungat we Tebigat bölümleri syýahata gelen ildeşlerimizde uly täsirler galdyrdy.Erkana ýurdumyzyň ylym-biliminiň ösdürilmegine muzeý ulgamy hem gor hazynasy bolmak bilen ruhubelent we sagdyn nesilleriň kemala gelmeginde uly hyzmata mynasypdyr.
Türkmen halkynyň milli mirasyny dünýä ýaýmakda giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.