9-njy dekabrynda Arkadag şäheri ESQR Hil seljeriş boýunça Ýewropa Jemgyýetiniň abraýly Quality Choice Prize 2024 baýragyna mynasyp boldy.Baýrak gowşurylyş dabarasy Wena şäheriniň meşhur Parkhotel Schönbrunn myhmanhanasynda geçirildi.
Bu halkara çäre European Society for Quality Research (ESQR) tarapyndan gurnalyp, şäher ösüşi, saglygy goraýyş hem-de energiýanyň netijeliligi ýaly ugurlarda hil dolandyryşynda gazanylan üstünliklerini görkezýär.Türkmenistanda ýerleşýän öňdebaryjy “akylly” we durnukly şäher bolan Arkadag şäheri innowasion şäher gurluşygyna we ýokary hilli standartlara bolan ygrarlylygy üçin sylaglanyldy.
Baýrak Arkadag şäheriniň iň täze tehnologiýalary we ekologiýa taýdan arassa usullary birleşdirip, durnukly şäherleşmäniň nusgasyny döretmekde gazanan üstünligini görkezýär.ESQR-yň Quality Choice Prize baýrak gowşuryş dabarasy Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan, Afrikadan we Awstraliýadan ýolbaşçylary bir ýere jemledi.
Dabara gatnaşanlaryň arasynda tanymal telekeçiler, akademiki bilermenler, hil dolandyryşy boýunça hünärmenler we diplomatlar bar.Olar innowasiýalary we ýokary hilli dolandyryş tejribelerini paýlaşmak üçin jemlendiler.Dabarada Arkadag şäheriniň wekiliýetine Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow ýolbaşçylyk etdi. Çäräniň çäklerinde irdenki maslahat hem guraldy.
Ol ýerde gatnaşyjy edaralar öz başlangyçlaryny hödürlediler we halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.Dabarada çykyş edip, Derýageldi Orazow: “Bu ykrar edilme we Arkadag şäheriniň öňdebaryjy taslamasy Gahryman Arkadagymyz hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň tagallalarynyň netijesidir.
Bu baýrak diňe bir hil babatdaky ygrarlylygymyzy görkezmän, eýsem Arkadagy durnuklylygy we tehnologik innowasiýalary öňe sürýän şäher hökmünde dünýä giňişligine çykarýar”, diýip belledi.Arkadag şäheri geljegi nazarlaýan taslama hökmünde döredilýär we bu ýerde akylly tehnologiýalar, ýaşyl infrastruktura, energiýa tygşytlaýjy binalar, gün energiýasy ulgamlary, ýaşyl üçekler we akylly ulag ulgamlary utgaşdyrylýar.
Häzirki wagtda taýýarlanýan lukmançylyk klasteriniň taslamasy durnuklylyk we ekologiýa taýdan arassa ýörelgeleri ulanmak bilen birlikde, şäheriň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilendir. /* custom css */ .td_uid_15_675a29c53de7d_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_675a29c53de7d_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }