Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr.Milli Liderimiziň başlangyjy bilen we yzygiderli üns-goldaw bermeginde gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen, ýurdumyzdaky ilkinji akylly şäher bu günki gün örän owadan keşbe eýe boldy.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygy iki tapgyrdan ybarat bolup durýar.Häzirki wagtda onuň birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlandy we açylyş dabarasyna giň gerimde taýýarlyk görülýär.
ILKINJI TAPGYRDA 336 BINA
ULANMAGA BERLER
Ýurdumyzda bina edilen ilkinji akylly şähere Arkadag adynyň dakylmagy bolsa, halkymyzyň isleg-arzuwynyň wysal tapmasydyr.Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşen ruhubelent halkymyz ýene-de sanlyja günden täze şäheriň açylyş dabarasyna şaýat bolar, ençeme maşgalalar ol ýerde jaý toýlaryny toýlar, bagtyýar ildeşlerimiziň uly toparyna ýokary amatlykly şertlerde işlemek bagty miýesser eder.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýakyn günlerde ulanmaga beriljek Arkadag şäheri döwrebap desgalary bilen taryhymyzyň altyn sahypalaryna ýazylar.
Akylly şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda jemi 336 sany döwrebap desga bina edildi. Şolaryň arasynda iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş hem-de medeni maksatly binalar, sport desgalary, inženerçilik ulgamlary bar. Arkadag şäheri häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy.
ARKADAG ŞÄHERI
AHALTEKE ATÇYLYGYNYŇ
MERKEZI
Şu günler türkmen döwletiniň täze döwrüniň esasy ösüş merkezleriniň birine öwrüljek Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna giň gerimde taýýarlyk görülýär.
Bu ajaýyp şäheriň aýratynlyklarynyň biri hem onuň ahalteke bedewleriniň merkezine öwrülmegidir.
Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewleri paýhasly pederlerimiz tarapyndan Köpetdagyň etegindäki keremli toprakda, ýakymly howa gurşawy bolan künjekde döredildi we ösdürilip ýetişdirildi.Hut şu ýerden nurana bedewler dünýäniň çar künjegine ýaýrady.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi atşynaslyk ugurlaryny ösdürmek üçin aýratyn ähmiýetli bolup durýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 20222028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan atlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy atçylyk pudagynyň ösüşine täze itergi berer.
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň milli at üstündäki oýunlaryny we atçylyk sportuny ösdürmekde, olary halkara derejä çykarmakda möhüm orun eýeleýär.Bu ýerde halkara ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Munuň özi ýaşlaryň ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam berer we milli gymmatlyklarymyza bolan hormat-sarpany artdyrar, ýaşlary atçylyk sporty boýunça uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrar.
ARKADAG ŞÄHERI
BAGTLY ÇAGALYGYŇ MEKANY
Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz bagtly çagalygyň ýurduna öwrüldi.Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Arkadag şäheri hem bagtly çagalygyň mekanyna öwrüler.
Sebäbi bu şäherde çagalaryň bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň merkezi bu şäherde ýerleşer.
Gaznanyň howandarlygyndaky çagalary terbiýelemek, olara orta, ýörite we ýokary bilim bermek hem-de ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanar.Bu şäherde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi hereket edip, onda çagalara ýokary derejede hyzmat ediler.
AKYLLY ŞÄHER
KONSEPSIÝASYNYŇ ILKINJI NUSGASY
Akylly şäher konsepsiýasynyň esasynda bina bolýan, birinji tapgyrynyň gurluşygy tamamlanyp, ikinji tapgyryndaky işlere ak pata berlen Arkadag şäheri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik eseridir.
Ak mermere beslenen, belent-belent ymaratlary nur saçýan bu şäheriň keşbinde uly bir dabaralylyk, milli ruhumyzyň ýeňşi, geljegiň şan-şöhraty şöhlelenýär.Gadymy Nusaýyň, Änewiň, Abiwerdiň, Sarahsyň, Şähryslamyň dünýä ýaň salan taryhyna şaýat bolan Ahal topragy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, umumy dünýä ösüşine sazlaşykly goşulan nurana mekandyr.
Gojaman Köpetdagy etekläp oturan meýdanda eziz Watanymyzyň täze ösüşleriniň nyşany ýaly bolup, geljegi nazarlaýan uly şäheriň — Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gysga döwürde gurulmagy we ikinji tapgyryna badalga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan tagallalarynyň miwesidir.
Arkadag şäheri tutuş sebitde iň iri taslamalaryň biridir.Ol ýaşamak üçin ähli oňaýly şertleri özünde jemleýär.Akylly öý tehnologiýalary, hassalara daş aralykdan gözegçilik etmegiň akylly ulgamy, dynç alyş merkezlerini awtomatik dolandyryjy enjam, akylly ýolyşyk, akylly ýyladyşhana, mobil robotlar, Wi-Fi zolagy döredilen Merkezi seýilgäh, ulaglara elektrik tok beriji beketler, şeýle-de Elektron mekdep ulgamy, sanly kitaphana ulgamy, onlaýn ders bäsleşiklerini we garaşsyz synaglary geçirmäge mümkinçilik berýän Zehin atly sanly ulgam bularyň hemmesi ylmyň we innowasiýalaryň iň soňky gazananlaryna esaslanmak bilen, adamlaryň amatly durmuş şertlerinde ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
IKINJI TAPGYRDA
NOBAT ÖNÜMÇILIK DESGALARYNDA
Ýakynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berlip, täze şäherde döwrebap önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna guramaçylykly girişildi.Munuň özi tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy we yzygiderli yhlasy esasynda binýat bolan täze şäherde alnyp barylýan giň möçberli işleriň Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn ösüşine, ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilýändigini görkezýär.
Arkadag şäherinde önümçilik kuwwatlyklaryny gurmak baradaky çözgüt milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, şäher ilatynyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
BEÝIK ŞAHSYÝETLERE
BELENT HORMAT
Halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli binagärlik ýörelgelerini dabaralandyrýan Arkadag şäherinde geçmişde öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň atlary ebedileşdirilýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Saçly Dursunowa adyndaky şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, belli şahsyýetleriň adyny göterýän beýleki medeni-taryhy binalar munuň aýdyň mysalydyr. Arkadag teleýaýlymynyň, Arkadag gazetiniň döredilmegi şäheriň täze taryhynyň şatlykly wakalaryna öwrüldi.
Ine, täze döwrüň beýik şäheriniň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň zähmetsöýer işgärleri bilen bir hatarda talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşýarlar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzyň professor mugallymlarynyň, ýaş mugallymlarynyň, bagtyýar talyp ýaşlarymyzyň, folklor tans toparlarymyzyň, aýdymçylarymyzyň Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň taýýarlyk işlerine işjeň gatnaşýandyklaryny buýsanç bilen bellemek bolar.
Döwran ANNANEPESOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.