Türkmenistanyň ilkinji “akylly” we durnukly ösýän Arkadag şäherine duşenbe güni Wenada Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň (ESQR) “Hil taýdan saýlama baýragy 2024” (Quality Choice Prize 2024) atly abraýly sylagy gowşuryldy. Çäräniň guraýjysy bolup çykyş eden Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýeti her ýyl şähergurluşyk, saglygy goraýyş we energiýa tygşytlylyk ýaly ugurlarda hil dolandyryşda ýetilen üstünlikleri höweslendirýär.
Bu barada Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy habar berýär.
Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa tejribeler bilen utgaşýan ýokary şähergurluşyk ülňüleriniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin sylaglanyldy. Bu baýrak durnukly şähergurluşyk nusgasy hökmünde şäheriň ýeten sepgitlerini nygtaýar.
Dabara gatnaşan Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow başlyklyk etdi. Dabaranyň çäklerinde geçirilen maslahata gatnaşyjylar öz başlangyçlary bilen tanyşdyrdylar we halkara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Dabarada çykyş eden D.Orazow şeýle diýdi: “Bu sylag diňe bir Arkadag şäheriniň innowasion konsepsiýasynyň däl, eýsem, türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalarynyň ykrar edilmegidir. Biz Arkadag şäheriniň durnuklylygyň we tehnologiýa ösüşiniň ählumumy nusgasyna öwrülýändigine buýsanýarys”.
Arkadag şäheri iň häzirki zaman çözgütler göz öňünde tutulyp taslamalaşdyrylandyr. Bu ýerde energiýa tygşytlaýjy desgalar, “akylly” ulag ulgamlary we ekologiýa taýdan arassa düzümler gurlandyr. Şäheriň kemala getirilýän lukmançylyk klasteri durnukly ösüş ýörelgelerine berk eýermek bilen, onuň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilendir.