Milli Liderimiziň asylly başlangyjy bilen güneşli Diýarymyzyň kartasynda Arkadag şäheri peýda boldy, ol ýurdumyzdaky ösüş-özgerişlikleriň aýdyň nyşany hökmünde binagärlik aýratynlygy, ýokary amatlyklary boýunça görenleri haýran galdyrýar.
Gahryman Arkadagymyz bu şäheriň gurluşygy bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar, ýakynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda önümçilik kuwwatlyklaryny ýola goýmak boýunça geçiren iş maslahatynda hem halkyň bähbidiniň ilkinji orundaky meseledigine ünsi çekdi.
Bu ýerleriň howa gurşawynyň ýakymlydygyny, arassa dag çeşmeleriniň ynsan saglygy üçin ýaramlydygyny, şeýle-de bu ýerlerde ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetiniň ýokarydygyny göz öňünde tutup, degişli işleriň alnyp barylmalydygy barada durlup geçildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýe Respublikasynda we Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alyşdylar we bu ugurda bar bolan dünýäniň ösen tejribesini içgin öwrendiler. Ýurdumyzyň çäginde bar bolan çig mallaryň ekologiýa we ýaramlylyk derejesi, ýokary ekologiýa talaplara laýyk gelýän çeşme suwlaryny önümçilik maksady bilen ulanmagyň mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar. Şeýle hem häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynda işlenip taýýarlanylýan polipropilen önümleriniň hil we ekologiýa derejesiniň dünýäde ýokary baha mynasyp bolýandygyny bellemek ýakymly. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň polipropilen we polietilen önümlerinden taýýarlanan, lukmançylyk edaralarynda yzygiderli ulanylýan sanjym enjamlaryny peýdalanmagyň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi.
Mundan başga-da, gözel Diýarymyzda bar bolan çig maldan lukmançylykda giňden peýdalanylýan derman serişdelerini, dürli erginleri öndürmegiň mümkindigini bellemek gerek.Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik kuwwatlyklarynyň, aýratyn-da, lukmançylyk edaralarynyň ýokary hilli gurluşygy bilen bir hatarda, olaryň enjamlaşdyrylyş we üpjünçilik derejesine ýokary derejede üns berler.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şäherlerde we obalarda, şol sanda Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň baş maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden, ýurdumyzyň abadançylygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr.Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasyndan we yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäheri akylly şäher bolmak bilen, döwrebap ýaşaýyş toplumyny, durmuş maksatly binalaryň ençemesini özünde jemleýär.
Bu şäheriň özboluşly ajaýyplygy onda halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň, oňaýly dynç alşynyň we döredijilikli zähmetiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işleriň oňyn netijesidir.Munuň özi Döwlet adam üçindir!diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Şeýle ägirt uly işler halkara jemgyýetçiliginiň hem ýokary bahasyna mynasyp bolýar.Golaýda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary ýurdumyzda saparda bolup, Arkadag şäheri üçin möhüm güwänamany gowşurdy.
Arkadag şäheri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, ýaşyl, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek taslamasyna goşuldy we bu ugurda degişli güwänama gowşuryldy.Bu hem ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň halkara derejede ykrar edilýändigini görkezýär.
Arkadag şäherinde dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň, ulag düzümleriniň gurluşygyna toplumlaýyn çemeleşilip, asyrlaryň dowamynda ýurtlary we yklymlary baglanyşdyrýan ýollary guran halkymyzyň milli tejribesiniň ulanylmagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşiniň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjegindäki bu giňişligiň oýlanyşykly we döwrebap derejede peýdalanylmagy täze şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesidir.
Gurbanýaz REJEPOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.