Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli giň möçberli dabaralar boldy. “Akylly şäheriň” açylyşy mynasybetli dabaralara köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Bu dabaralara gatnaşmak üçin dünýäniň 50-den gowrak döwletinden dürli derejedäki wekiliýet gatnaşdy.
“Akylly” şäher tehnologiýasy ulanylyp gurlan bu döwrebap şäheriň açylyş dabarasy Akhan binasynyň ýanyndan başlandy. Bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.
Soňra Arkadag şäherinde hereket edýän elektrobuslar bilen şäheri merkezine baryldy. Bu ýerde Arkadag şäherindäki Baş baýramçylyk meýdançasyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyryldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine doganlyk Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň iberen TOGG kysymly T10X model elektroulaglary sowgat edildi.
Soňra döredijilik toparlarynyň taýýarlan aýdym-sazly edebi kompozisiýasyna hem-de baýramçylyk ýörişine tomaşa edenlerinden soňra, awtoulaglarda täze akylly şäheriň çäginde gurlan binalardyr desgalary synlap, olaryň deňlerinden geçdiler.
Täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy hem aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.Döwlet Baştutanymyz myhmanlar bilen bilelikde täze açylan öýleriň birine myhman bolup, bu ýerde ýaşamak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Şeýle-de belent mertebeli myhmanlar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasyna baryp gördüler.
Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurlan jemi 336 sany döwrebap desga ulanmaga berildi. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny, şol sanda çagalar baglaryny, mekdepleri, beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamlarynyň edaralaryny, sport desgalaryny, inženerçilik ulgamlaryny özüne birleşdirýär.
“Akylly” şäher tehnologiýasy ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary “Smart-сity” konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Munuň özi öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamydyr.
Arkadag şäherinde halkara ülňülerine laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzüminiň bardygyny bellemek gerek. Giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirki zaman yşyklandyryş we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilipdir.