Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň lukmançylyk edaralary üçin ekologik taýdan arassa, halkara hil görkezijilerine laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, Arkadag şäherinde Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasy döredildi.
Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürmek ýola goýuldy.
Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, gysga wagtda kärhananyň önümçilik zynjyry, tehnologiýasy kesgitlenip, ýörite haryt nyşany döredildi hem-de degişli güwänamalaşdyrma işleri geçirildi.Bu ýerde öndürilýän saglyk maksatly serişdeler bilen ýurdy doly derejede üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, önümleriň kesgitli bölegini daşary ýurtlara, hususan-da, doganlyk goňşy ýurtlara çykarmak babatda hem degişli işler alnyp barylýar.
Häzirki günlerde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şol sanda Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynyň gündelik sarp ediş hem saglyk maksatly serişdelerine bolan zerurlyklary Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasynyň önümleriniň kesgitli bölegi bilen üpjün edilýär.
Önümçilik düzüminde dokalmadyk matalaryň dürli görnüşlerini, şol sanda spanbond öndürmek we ondan dünýäde ýokary islegli harytlary taýýarlamak babatda hem netijeli işler geçirilýär. Geljekde kärhanada ýerli çig maldan halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk polipropilenini öndürmek, lukmançylyk duzuny almak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan işler alnyp barylýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilen gününde Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Ol bu ýerde öndürilýän önümleriň Hil menejmentiniň ulgamy diýen ugur boýunça TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar.