Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasy döredildi

Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasy döredildi

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatynyň çäklerinde, ýurtda Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasy döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, başgaplaryň, aýakgap we agyz-burun örtükleriniň, düşek daşlyklarynyň öndürilýändigi barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberleriniň artmagynda we saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagynda ähmiýetlidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy başy başlanan işiň üstünlikli dowam etdirilmelidigini, şunda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu önümleri ulanmak we sarp etmek boýunça gollanmalary, düzgünnamalary taýýarlamak hem-de degişli usulyýet işini ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle-de ýurt boýunça sarp ediljek bu önümleriň zerur bolan mukdary barada maglumatlaryň taýýarlanylmalydygy bellenildi.

Häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynda işlenip taýýarlanylýan polipropilenleriň hil we ekologiýa derejesiniň dünýäde ýokary baha mynasyp bolýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew ýurduň polipropilen we polietilen önümlerinden taýýarlanylýan hem-de lukmançylyk edaralarynda yzygiderli ulanylýan sanjym enjamlaryny ulanmak babatda ägirt uly geljeginiň bardygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy lukmançylyk önümlerini öndürmekde zerur bolan degişli çig mallaryň üpjünçiliginiň, şeýle-de ýerli polipropilen çig malyndan halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk polipropilenini öndürmek boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň, önümçiligi meýilleşdirilýän çig mallara we önümlere degişli standartlaryň kabul edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda halkara ISO güwänamalarynyň alynmagy boýunça degişli işleriň amala aşyrylmalydygy bellenildi.

Gahryman Arkadag iş maslahatynyň barşynda Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasynyň önümlerine Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde satyş markasyny resmileşdirmek we degişli patentleri bermek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, beýleki ministrliklere hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýylyň dowamynda zerur bolan önümleri satyn almak babatda maliýeleşdiriş çeşmeleriniň kesgitlenmelidigi barada aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi
“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi
Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasyna Hil ulgamynyň laýyklyk sertifikaty berildi
Arkadag Medisina Klasteri Menejment kärhanasy öz önümleri bilen Türkmenistanyň lukmançylyk edaralaryny üpjün edýär
Türkmenistanda “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasy dörediler
Lebap welaýat köpugurly hassahanasyna "Arkadag Medisina Klasteri Menejment" kärhanasynda öndürilen önümler berildi