Arkadag mahabaty hassalary bejergi üçin täze şähere gatnamaga mejbur edýär

Arkadag mahabaty hassalary bejergi üçin täze şähere gatnamaga mejbur edýär

Türkmen häkimiýetleriniň Arkadag şäherini mahabatlandyrmak boýunça alyp barýan çäreleri medisina kömegine mätäç hassa adamlara-da täsir etdi. Soňky günlerde ýurduň saglyk edaralary ýüz tutýan hassalary Arkadagdaky medisina edaralaryna ýollap başladylar.

Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki hassahanalar her hepde azyndan 10 näsag adamy Arkadag şäheriniň hassahanasynda ýatymlaýyn bejergi almak üçin ugratmaly. Bu barada lukmanlara resmi tabşyryk berlendigini Balkan welaýatyndaky habarçymyz 26-njy fewralda ýurduň günbataryndan maglumat berdi.

Hassalary Arkadag şäherine ibermek tabşyrygy ýurduň beýleki regionlarynyň medisina edaralaryna hem degişli.

Aşgabatdaky halkara saglyk merkezleri hem öz pasientleriniň belli bir sanyny Arkadag şäherindäki hassahana ýollamak tabşyrygyny alypdyr.

Azatlygyň habarçylary bilen anonim gürleşen balkanly we aşgabatly saglyk işgärleri tabşyrygyň öz ýolbaşçylary tarapyndan dilden berlendigini aýdýarlar. Lukmanlar bu tabşyrygy ýerine ýetirmäge howlugýarlar, hasslar bolsa munuň özleri üçin garaşylmadyk ýagdaýlary döredendigini aýdýarlar.

"Ýaňy-ýakynda saglygymy bejertmek üçin Berzeňidäki Kardiologiýa ylymy-kliniki halkara merkezine ýüz tutdum.Olar maňa göni Arkadagdaky hassahana baryp, barlatmak we bejergi almak üçin ýollanma berdiler.Bizi - 5 sany welaýatlardan geleni we 2 sany asgabatly näsagy tiz kömekli Arkadag şäheriniň gyrasynda ýerleşýän hassahana alyp bardylar.

Bu hassahana örän gymmat.Anyklaýyş hyzmatlarynyň gymmatlygynyň we lukmanlaryň çenden aşa köp dermanlary ýazyp bermeginiň netijesinde diňe ýürek bejergisiniň bahasy 23 müň manada ýetdi.Otagyň we beýleki hyzmatlaryň tölegi hem bar" diýip, paýtagta saglygyny bejertmäge baran türkmenbaşyly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Arkadagyň hassahanasyna baran türkmenistanlylar täze we enjamlaşdyrylan hassahanadaky şertleriň gowudygy, emma bahasynyň ýokarydygyny belleýärler.

Azatlyk bilen anonim gürleşen Aşgabadyň saglygy saklaýyş edarasynda işleýän çeşmäniň sözlerine görä, häkimiýetler uly mukdarly pula gurlan we enjamlaşdyrylan hassahananyň çykdaýjylarynyň öwezini dolmak isleýär, oňa has köp müşderi ugratmak tabşyrygynyň hem şunuň bilen baglanyşygy bolup biler.

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynyň wekilleri bu ýagdaýy resmi taýdan kommentirlemediler. Emma anonim gürleşen medisina işgärleriniň sözlerine görä, saglygy goraýyş edaralary ýurtdaky näsag adamlary mejbury ugradyp, Arkadagdaky hassahananyň hem maddy üpjünçiligini artdyrýarlar, hem-de hassahananyň abraýyny galdyrmak maksadyny göz öňünde tutýarlar.

"Bu mejbury çäreleriň Arkadag şäher gaznasyny doldurmak, galyberse-de bu hassahanany ýurtdaky iň gowy hassahana diýip görkezmek üçin edilýän çäre. Sebäbi ilat üçin elýeterli zerur hyzmatlar şol hassahanada ýok" diýip, aşgabatly saglyk wekili aýtdy.

Türkmenistanda esasy medisina kömeginden peýdalanyp bilmeýän adamlaryň sany gitdigiçe artýar. Soňky ýylda medisina hyzmatlaryna tölemek we derman satyn almak üçin öz emlägini satýan adamlaryň sany artýar.

Maddy mümkinçiligi bar adamlar hem saglygyny bejermek üçin ýurduň daşyna gitmäge synanyşýar. Köpçülik daşary ýurtlarda medisina hyzmatlarynyň has arzandygyny we hiliniň has gowudygyny aýdýarlar.

"Ýurtda esasy lukmançylyk kömeginiň derejesi we hili öran pese düşüp barýar.Medisina ugrundan okuwy tamamlamak we ýokary aýlykly medisina merkezlerine işe ýerleşmek bilime we hünärine görä däl-de, köplenç para bagly bolup durýar.

Munuň bilen bir wagtda öz işini bilýän, hatda öz hasabyna derman satyn alyp, mätäçlere kömek edýän we sähelçe aýlyga işleýän lukmanlar hem bar" diýip, Azatlyk bilen gürleşen saglyk işgärleriniň biri gürrüň berdi.

Türkmenistanda ilat köpçüliginiň durmuş derejesiniň agyrlaşýan döwründe öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň inisiatiwasy bilen gurlan we onuň adyny göterýän Arkadag şäheriniň gurluşygyna döwlet gaznasyndan milliardlarça dollar pul ýatyryldy. Şäher geçen ýyl açylaly bäri döwlet propagandasy onuň mahabatyny artdyrýar.

Türkmenistanda häkimiýetleriň ilaty islenilmeýän hyzmatlardan peýdalanmaga mejbur etmek tejribesi ýyllarboýy dowam edip gelýär. Ilaty ýylyň sowuk paslynda Awaza syýahat zolagynda dynç almaga mejbur etmek tejribesiniň netijesinde býujetden aýlyk alýan edara-kärhanalaryň işgärleri, ilkinji nobatda-da welaýatlylar ýyllarboýy ýollanmaga satyn almaga mejbur edilip gelinýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda wirus ýaýraýar, hassalar ys we tagam duýmaýar
Medisina syýahatçylygynyň meşhurlygy artýar. Türkmen raýatlary näme üçin Özbegistany saýlaýarlar?
"AIW adamy hiç hili kesgitlemeýär". Kesel höküm bolmadyk wagty
Medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmak soralýar
Medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmak soralýar
Lebabyň Onkologiýa hassahanasy talaba laýyk bejergi berip bilmeýär’