
Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň häzirki çempiony Arkadag futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ikinji tapgyrynda Gyrgyz Respublikasynyň çempiony Abdyş-Ata topary bilen duşuşykda ýeňiş gazandy.
Duşuşyk sişenbe güni Kuweýtde geçirildi we Arkadag klubynyň 2:0 hasap bilen ýeňşi bilen tamamlandy. Gollary Şamämmet Hydyrow (27-nji minut) we Abdy Bäşimow (49) geçirdiler.
Bu ýeňişden soň Wladimir Baýramowyň futbolçylary 6 utuk toplamagy başardylar we B toparda birinji orna geçdiler.
Jemleýji, üçünji tapgyryň oýunlary 1-nji noýabrda geçiriler. Arkadag kluby Kuweýtiň Al-Arabi topary bilen duşuşar, Abdyş-Ata bolsa Maldiwleriň Maziýa kluby bilen oýnar.
AFK-nyň Çagyryş ligasy — Aziýada ähmiýeti boýunça üçünji klub ýaryşydyr.