
Türkmenistanyň çempiony Arkadag futbol topary Ýokary liganyň üçünji aýlawyna Rumyniýada gören taýýarlygyny üstünlikli jemledi. Bu ýerdäki jemleýji duşuşygynda Wladimir Baýramowyň şägirtleri Buharestiň Rapid toparyny 2:0 hasabynda ýeňdiler.
Topar Rumyniýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň bäşisini geçirdi. Şolaryň dördüsinde ýeňiş gazanan Arkadag diňe bir duşuşykda utuldy. Has takygy, Buharestiň Dinamosy (1:0), AKS Kids Tampa Braşow (3:2), Sepsi OSK II (5:0) we Rapid (2:0) toparlary türkmen futbolçylaryndan asgyn geldiler. Diňe Konkodoriýa 2:0 hasabynda üstün çykdy.
Milli çempionatyň üçünji aýlawynyň bosagasynda toparyň düzüminde käbir üýtgeşmeleriň bolandygyny hem aýtmak gerek. Derwezeçi Rahat Japarow Ahala gaýdyp bardy, Rüstem Ahallyýew bolsa Ahaldan Arkadaga geçdi.