Arkadag futbol topary JAKO brendli köýnekçelerde çykyş edýär

Arkadag futbol topary JAKO brendli köýnekçelerde çykyş edýär

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ýaş wekili ― Arkadag topary duşuşyklara JAKO brendli köýnekçeler bilen çykyp başlady.

Topar bu kompaniýanyň logosy ýerleşdirilen köýnekçeleri ilkinji gezek Arkadag stadionynda Ahal futbol topary bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygynda geýdi.

JAKO Germaniýanyň sport enjamlaryny we lybaslaryny öndürmäge ýöriteleşdirilen önümçilik kompaniýasydyr. Häzirki wagtda kompaniýa Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hem tehniki hemaýatkäri bolup hyzmat edýär.

JAKO-nyň Ýewropanyň Ştutgart, Karlsrue, Gannower, Darmştadt, Rubin ýaly meşhur futbol klublarynyň hem tehniki hemaýatkäridigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Geçen möwsümiň tersine
“Bawariýanyň” ýeňlişsiz ýörişini koreýaly Son soňlady
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Ýaponiýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim boldy
9-njy oktýabrda Ýewro-2024 ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri çekiler
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça