Arkadag futbol topary 8 duşuşykda 32 gol geçirdi

Arkadag futbol topary 8 duşuşykda 32 gol geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynda Arkadag topary özüniň sekizinji resmi duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýty habar berýär.

Üçüsi Türkmenistanyň kubogyna, bäşisi çempionata degişli bolan bu duşuşyklaryň ählisinde toparyň ýeňiş gazanyp gelýändigini ýatladýarys.

Hüjümçi Didar Durdyýew 8 duşuşykda geçiren 12 goly bilen Arkadag futbol toparynyň resmi duşuşyklarynda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň başyny çekýär. Onuň milli çempionatda 7, Kubok ýaryşynda 5 goly bar.

6-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň milli çempionatda Arkadag futbol toparyndan tapawutlanan oýunçylaryň sany 11-e çykdy. Altymyrat Annadurdyýew topardan Türkmenistanyň çempionatynda tapawutlanan 10-njy futbolçy boldy. Toparyň ähli resmi duşuşyklarynda bolsa jemi 15 futbolçy tapawutlandy. Altymyrat Annadurdyýew bilen Yhlas Saparmämmedow bu sanawa 6-njy tapgyrda goşulan futbolçylardyr.

Arkadag topary milli çempionatdaky ilkinji resmi bäş duşuşygynda garşydaş derwezelere 19 pökgi geçirdi. Bu bolsa her duşuşykda, ortaça, 4-e golaý goluň geçirilendigini görkezýär. Toparyň ähli resmi duşuşyklarynda geçiren gollarynyň sany bolsa 32-ä çykdy. Begenç Akmämmedow toparyň şu ýyldaky 30-njy goluny geçiren futbolçy boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
TÝL ― 2023: 6-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
Arkadag topary Nebitçini 5:0 hasabynda utdy
TÝL ― 2023: 8-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi