
Arkadag topary ýoldaşlyk duşuşygynda Rumyniýanyň üçünji ligasynyň wekili AKS Kids Tampa Braşow klubyny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk Wladimir Baýramowdan tälim alýan toparyň Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji aýlawyna taýýarlyk görmek üçin Rumyniýada guraýan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde bolup geçdi.
Arkadag toparynyň düzüminde Resul Hojaýew, Didar Durdyýew hem-de Nazar Towakelow tapawutlandy.
Arkadag futbol kluby Rumyniýadaky OTÝ-niň çäginde ýene birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmegi meýilleşdirýär. Şolaryň biri Sepsi OSK II topary bilen 25-nji iýulda geçiriler.
Ýeri gelende ýatlatsak, 2023-nji ýylyň aprelinde esaslandyrylan Arkadag kluby şu möwsümde öz taryhynda ilkinji gezek AFK-nyň Çagyryş kubogynda çykyş eder.
Arkadag toparynyň Aziýa yklymynyň klublarynyň arasyndaky üçünji derejeli ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary 22-nji awgustda geçiriljek bije çekmek dabarasyndan soňra belli bolar.