Arkaç söwda-dynç alyş merkezi açyldy

Arkaç söwda-dynç alyş merkezi açyldy

Düýn 17-nji martda paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik toplumynyň üstüne ýetiren Magtymguly şaýolunyň ugrunda gurlan ajaýyp bina işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly Arkaç söwda-dynç alyş merkezi açyldy.

Täze toplum işewürlik durmuşynyň ýene bir işjeň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Bina edilen birnäçe desganyň birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik keşbinde ýerine ýetirilipdir.

Umumy meýdany 4,7 gektara deň bolan çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly Arkaç söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgasy, merkezde ýerleşýän üç gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär.

Bu desgalar Ussat hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan häzirki zaman inženerçilik-tehniki çözgütlere laýyklykda, ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly guruldy.Toplumyň çäginde ýerleşýän söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýän supermarket girýär.

Bu ýerde köp sanly dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozallar, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherjigi, restoran, kafe, toý mekany we beýlekiler bar.

Arkaç söwda-dynç alyş merkezini ulanmaga bermek dabarasy tamamlanandan soňra, agzaçar sadakasy berildi we onda türkmen topragynda hemişe abadançylygyň höküm sürmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikler dileg edildi.

Ýene degişli makalalar

18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Aşgabatda Arkaç atly täze söwda-dynç alyş merkezi açyldy
Parahat 8 etrapçasynda ulanylmaga berilýän täze jaýlaryň suwagy çalt dökülýär ýerli ýaşaýjylar
Hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Saglygym baş baýlygym atly baýramçylyk konserti