UEFA Çempionlar Ligasynda 2-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary oýnaldy.Tapgyryň iň köp golly duşuşygy Kiprde hasaba alyndy.Taryhynda ilkinji gezek Kipriň çempionlygyny gazanan “Aris Limassol” topary öz meýdançasynda Belarusuň wekili “BATE Borisowdan” 6-2 üstün çykmagy başardy. Ýer eýeleriniň gollaryny Gomis (17 p, 60), Bengtsson (32), Bane (40 ö.d.), Montnor (83) hem-de Stepinski (90+1 p) geçirdi. “Dinamo Zagreb” hem öz meýdançasynda Gazagystanyň “Astana” toparynyň derwezesinden jogapsyz 4 gol girizdi.
Gollaryň 3-sini Luka Iwanuşeç öz adyna ýazdyrdy.Polşanyň çempiony “Rakuw” topary-da öz meýdançasynda Azerbaýjanyň “Garabag” klubuny kabul etdi. Ýer eýeleri Çafargulyýewiň (55 ö.d.) hem-de Piaseçkiniň (71) gollary bilen 2-0 öňe saýlansa-da, “garabaglylar” 73-nji we 75-nji minutlarda Redon Çiçanyň gollary esasynda hasaby deňledi. 90+1-nji minutda-da Kittel ýer eýelerine ýeňiş getiren oýunçy boldy. “Şerif” topary-da güýçli garşydaşy “Makkabi Haýfany” 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Myhmançylykda “Breidablik” toparyny 2-0 ýeňen “Kopengagen” 3-nji saýlama tapgyryna çykmak ugrunda ilkinji ädimi ätdi.Myhmançylykda “Žalgiris” topary bilen duşuşan Türkiýäniň “Galatasaraý” topary 2-1 öňe saýlanandygyna garamazdan, bu üstünligini 90+2-nji minutda elden giderdi we duşuşyk 2-2 hasabynda deňme-deň tamamlandy.
Çempion däl toparlaryň duşuşyklarynda-da grekleriň wise-çempiony “Panatinaikos” myhmançylykda Ukrainanyň “Dnepr-1” toparyndan 3-1 hasabynda üstün çykdy. Şweýsariýa bilen Belgiýanyň wise-çempionlarynyň arasyndaky duşuşyk, ýagny “Serwette” bilen “Genk” toparlarynyň oýny 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy.
Jogap duşuşyklary 1-2-nji awgustda oýnalar.
“Rakuw Çenstowoha” (Polşa) “Garabag” (Azerbaýjan): 3-2, “Aris Limassol” (Kipr) “BATE Borisow” (Belarus): 6-2, “Zrýinski Mostar” (Bosniýa) “Slowan Bratislawa” (Slowakiýa): 0-1, “Şerif” (Moldowa)“Makkabi Haýfa” (Ysrayl): 1-0, “Dinamo Zagreb” (Horwatiýa) “Astana” (Gazagystan): 4-0, “Ludogores Razgrad” (Bolgariýa) “Olimpiýa Lýublýana” (Sloweniýa): 1-1, “Žalgiris” (Litwa) “Galatasaraý” (Türkiýe): 2-2, “Breidablik” (Islandiýa) “Kopengagen” (Daniýa): 0-2, “KI Klakswik” (Farer adalary) “BK Haken” (Şwesiýa): 0-0, “HJK Helsinki” (Finlýandiýa) “Molde” (Norwegiýa): 1-0, “Serwette” (Şweýsariýa) “Genk” (Belgiýa): 1-1, “Dnep-1” (Ukraina) “Panatinaikos” (Gresiýa): 1-3