Şu günki güne çenli alymlary we ýönekeý adamlary Müsür piramidalarynyň gurluş aýratynlykalry geň galdyryp gelýär. Käbir alymlar ägirt uly daş plitalary daşamaga we galdyrmaga kömek edip biljek tehnologiýalaryň bolmandygy sebäpli, olary özge planetalylar gurandyr öýdýärler. Halkara arheologlar topary köp asyrlyk syryň indi aýdyňlaşdyrylandygyny öňe sürýärler. Bu barada “The Daily Star” neşiri ýazýar.
Arheologlar bu syry açmak üçin Giza derýasynyň suw akabasyndaky gaty toprakdan nusga almak üçin 9 metre çenli çuňlukda çukur gazmaly boldular. Şondan soň toprak Fransiýadaky ýörite barlaghana ugradyldy.
Netijede, alymlar Nil derýasynyň Hufu şahasynyň bolandygyny anyklamagyň hötdesinden geldiler.Görlüp oturylsa, gadymy müsürlileriň Nil derýasynyň bu şahasy arkaly daş plitalary daşan ekenler.Piramidalar gurlandan 2000 ýyl soň, goşundy doly gurap galan eken.
Netijede, alymlar Hufu şahasynyň bardygyny tassyklamagy başardylar.
-Bu ýagdaý meni diýseň gyzyklandyrdy, sebäbi gurluşyk materiallarynyň suw arkaly daşalandygyny anyklamak mümkin boldy diýip, geolog Hader Şeýşa aýdýar. Şeýle hem, ol suw ýoly bolmasa piramidalaryň gurluşygynyň mümkin däldigini sözüniň üstüne goşdy. Şeýşanyň pikiriçe, bu açyş gadymy müsürlileriň beýleki syrlaryny açmaga hem ýardam edip biler.