Arheologlar Heopsyň piramidasynda gizlin ötük tapdylar

Arheologlar Heopsyň piramidasynda gizlin ötük tapdylar

Müsüriň Gadymylyklar boýunça ýokary geňeşi täze arheologik tapyndy barada habar berdi diýip, Reuters habarlar gullugyna salgylanýan Informburo.kz saýty ýazýar.

Ýagny alymlar meşhur Heopsyň piramidasynda öň belli bolmadyk dokuz metr uzynlykdaky ötügiň üstüni açdylar. Ol täze açyşlara getirip biler diýip, alymlar aýdýarlar.

Ötük 2015-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän Scan Pyramids taslamasynyň çäklerinde açyldy. Arheologlar skanirlemegi we endoskanirlemegi öz içine alýan häzirki zaman usullaryndan peýdalanmak bilen, piramidanyň içini öwrenýärler.

Gizadaky meşhur piramida biziň eýýamymyzdan öňki 2560-njy ýylda Müsüriň faraony Hufu (Heopsyň) aramgähi hökmünde gurlupdyr. Onuň beýikligi 146 metr. Piramida 1889-njy ýylda Parižde Eýfel diňi gurulýança adamlar tarapyndan gurlan iň beýik bina hasaplanýardy.

Ýene degişli makalalar

Arheologlar Müsür piramidalarynyň gurluşynyň syryny açdylar
Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Kazandaky Gündogar bazary türki halklaryň halkara festiwalynda çykyş etdiler
Gadymy gökdiränler
“Basgançakly” piramida myhmanlaryny kabul edip başlady
Dünýäniň iň uly heýkeli
Peri Piramidalar