“Argus” türkmen kompaniýalaryny Merkezi Aziýanyň nebitgaz bazarlarynyň konferensiýasyna çagyrýar

“Argus” türkmen kompaniýalaryny Merkezi Aziýanyň nebitgaz bazarlarynyň konferensiýasyna çagyrýar

“Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy türkmen kompaniýalaryny 22-23-nji iýun aralygynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek "Argus Gazagystanyň we Merkezi Aziýanyň nebitgaz bazary 2023" atly V halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar.

Bu konferensiýa nebit we nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz we nebithimiýa bazarlarynyň möhüm gatnaşyjylaryny, şeýle hem Gazagystanyň we GDA ýurtlarynyň ulag we logistika kompaniýalarynyň hem-de döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemlär. Bu barada “Argus” halkara baha kesgitleýji gullugy ”Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.

Almaty şäherinde geçiriljek konferensiýa 30 sany ýurtdan 115 sany kompaniýanyň 300-den gowrak wekiliýeti gatnaşýandygyny tassyklady.

Maslahatlaşyljak mowzuklaryň arasynda:

Konferensiýa “Petrolic”, “Crait”, “Olympic Petroleum”, “Alcagesta”, “PTC Holding”, “Texol, SGS”, “Intertrans”, “Yama Petrol DMCC”, “Bashir Navid Petroleum”, “Midas Oil Trading”, “Intertek”, “Semurg Invest”, “CIM Bank” ýaly hyzmatdaş kompaniýalaryň goldawy bilen geçiriler.

Ýakynda geçiriljek konferensiýa barada has giňişleýin maglumat almak üçin salgy boýunça geçip bilersiňiz.

Konferensiýa hasaba durmak üçin salgy boýunça geçiň.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
“Argus” türkmen kompaniýalaryny Dubaýda geçiriljek nebit önümleriniň konferensiýasyna çagyrýar
14.12.2017 | Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi: ösüşiň täze ugurlary
Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi: ösüşiň täze ugurlary
Construction and architecture of Turkmenistan: new development trends
HASAR fabriginiň süýji önümleri täze ýyl söwdasynda islegli harytlaryň biri