Argentinanyň Kubogynyň iň gowy golçusynyň baýragyna Agueronyň ady dakyldy

Argentinanyň Kubogynyň iň gowy golçusynyň baýragyna Agueronyň ady dakyldy

Argentinada ýakynda saglyk ýagdaýy sebäpli karýerasyny tamamlan Serhio Aguero hormatlandy. Onuň ady ýurduň belli futbol baýraklarynyň birine dakyldy. Bu barada sports.ru habar berdi.

2022-nji ýylda Argentinanyň Kubogynyň iň köp gol geçiren oýunçysyna berilýän baýraga "Mançester Sitiniň" we "Barselonanyň" öňki oýunçysy Agueronyň dakylar.Muny ýurduň Futbol federasiýasynyň prezidenti Klaudio Tapia mälim etdi.

Karýerasynyň dowamynda hüjümçi “Independiente”, “Atletiko” klublarynda, şeýle hem Argentinanyň milli ýygyndysynda hem çykyş etdi.Ol klub derejesinde Ýewropa ligasynda we UEFA-nyň Super kubogynda, bäş gezek Angliýanyň çempionatynda, alty gezek iňlis ligasynyň kubogynda, bir gezek Angliýanyň kubogynda we üç gezek Angliýanyň Super kubogynda ýeňiji boldy.

Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Aguero 2008-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda, şeýle hem 2021-nji ýylda Amerikanyň kubogynda ýeňiji boldy.

Ýene degişli makalalar

APL-yň 22-nji tapgyry Keýniň ýubileý goly bilen tamamlandy
Holann het-trikleriň hökümdary
Harri Keýn bir klub üçin geçiren gollarynyň sany boýunça APL-iň rekordyny goýdy
Zenan dalaşgärler üstünlik gazandy
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion