Türkiýäniň “Galatasaraý” toparynyň argentinaly ýyldyz hüjümçisi Mauro Ikardiniň möwsümiň galanynda oýnap bilmejekdigi habar berildi.UEFA Ýewropa Ligasynyň çäginde “Galatasaraýyň” Stambulda “Tottenham” bilen geçiren we 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan duşuşygynyň 80-nji minutynda ýyldyz oýunçy şikes alyp, meýdançany nasilka bilen terk etmeli bolupdy.
Geçirilen lukman barlaglaryň netijesinde Ikardiniň dyzyndan şikes alyp, çapraz bagynyň üzülendigi, meniskýusana-da zeper ýetendigi ýüze çykdy. 31 ýaşyndaky oýunçynyň azyndan 6 aý toparyna kömeginiň degmejekdigi habar berildi.Gysga wagtda operasiýa ediljek Ikardi üçin möwsümiň tamamlanandygy mälim edildi.
Ol bu barada: Birnäçe aýlap meýdança çykyp bilmerin.Gowulaşanymdan soň taýýar ýagdaýda dolanaryn.Topardaşlaryma, klubuma möwsümiň galanynda uly şowlulyk arzuw edýärin. Şu döwürde maňa goldaw beren, berjek hemmelere köp sagbolsun aýdýaryn diýdi. /* custom css */ .td_uid_15_672f50fecc112_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_672f50fecc112_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }