Şenbe güni Buenos-Aýresde tango boýunça dünýä çempionaty başlandy. Guramaçylaryň habar bermegine görä, onlaýn we oflaýn görnüşlerinde geçiriljek bäsleşige 25 ýurtdan 400-den gowrak jübüt gatnaşar diýip, TASS belleýär.
Çempionatyň ilkinji gününde Buenos-Aýresdäki Usina del Arte medeni merkezinde ýekşenbe güni tamamlanjak salon tangosy kategoriýasynda saýlama tapgyry başlandy. Indiki tapgyrda orun almak üçin diňe bir merkeziň sahnasynda çykyş eden jübütler däl, eýsem serhetleri daşary ýurtlular üçin ýapyk bolan Argentina gelip bilmän, öz çykyşlarynyň wideo ýazgylaryny ugradan tansçylar hem bäsleşer.
Geçen ýyl pandemiýa sebäpli guramaçylar çempionaty doly onlaýn görnüşinde geçirdiler. Bu ýyl Argentinada koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmeleriň saklanýandygy üçin ähli çykyşlar bölekleýin doldurylan zallarda geçirilýär. Mundan başga-da, guramaçylar her tapgyrda sahna çykýan jübütleriň sanyny 10-dan 6-a çenli azaltdylar. Tansçylara örtüksiz çykyş etmäge rugsat berilýär, ýöne tomaşaçylar ony hemişe dakynmaly.
20-nji sentýabrda Buenos-Aýresde sahna tangosy kategoriýasynda saýlama tapgyry başlanar. Oňa Argentinanyň çäginden daşary ýaşaýanlar hem onlaýn görnüşinde gatnaşyp bilerler. Çempionatyň finaly 25-nji sentýabrda bolup, Buenos-Aýresiň esasy gözelliginiň Obeliskiň fonunda ilkinji gezek açyk howada geçiriler.
Tango boýunça dünýä çempionaty adatça iki kategoriýada geçirilýär. Salon tangosy tansyň ähli esasy ädimleri we şekilleri bilen birlikde, haýal we sazlaşykly hereketler mahsus bolan nusgawy stildir. Sahna tangosy bu akrobatiki hereketler bilen öňünden taýýarlanan tomaşa çykyşy.