Argentina Fransiýa: 3-nji çempionlygyň finaly

Katar 2022 Dünýä Kubogynyň çempiony ýekşenbe güni, ýagny 18-nji dekabrda oýnaljak finaldan soň belli bolar.Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanjak finalda Argentina bilen Fransiýanyň ýygyndylary duşuşar.

Duşuşyk Lusail şäherindäki “Lusail Iconic” stadionynda oýnalar we bu taryha finala polşaly Simon Marçiniak eminlik eder.Marçiniak şu çempionatda Fransiýanyň Daniýa bilen, Argentinanyň bolsa Awstraliýa bilen geçiren duşuşyklarynda-da jürlewük çalypdy.

Duşuşyklarda finala çykan ýygyndylaryň ikisi-de 2-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

ÖŇKI DUŞUŞYKLARY

Iki topar mundan öň 12 gezek duşuşdy. Şolarda Argentina 6, Fransiýa 3 gezek ýeňiş gazandy. 3 duşuşyk hem deňlikde tamamlandy (15-11 gol).Iki topar Dünýä Kubogynyň çäginde 4-nji gezek duşuşarlar.

Argentina 1930-njy ýylda 1-nji tapgyrda 1-0, 1978-nji ýylda-da toparçada 2-1 ýeňipdi. 2018-nji ýylda bolsa Fransiýa 1/8 finalda 4-3 hasabynda üstün çykypdy.

Iki toparyň hem 2 çempionlygy bolup, Argentina 6-njy, Fransiýa 4-nji gezek finalda oýnar. Ýagny Argentina mundan öňki 6 finalyň 3-sinde, Fransiýa bolsa diňe birinde ýeňlişe sezewar boldy.

Argentinanyň ýygyndysy 1978-nji we 1986-njy ýyllarda, Fransiýa 1998-nji we 2018-nji ýyllarda çempionlyk gazandy.Argentina 1930-njy, 1990-njy hem-de 2014-nji ýyllarda, Fransiýa bolsa 2006-njy ýylda finalda utuldy.

FINALA ÇENLI

2 topar hem finala çenli geçiren 6 duşuşygynyň 1-inde ýeňlişe sezewar boldy.Argentina ilkinji duşuşygynda Saud Arabystanyndan 2-1 utulyp, bütin dünýäni geň galdyrypdy.Fransiýa bolsa 3-nji duşuşygynda Tunisden 1-0 asgyn geldi.

Galan duşuşyklarda Argentina Meksikany 2-0, Polşany 2-0, 1/8 finalda Awstraliýany 2-1, çärýek finalda Niderlandlary penaltileriň netijesinde (2-2, 4-3 p), ýarym finalda-da Horwatiýany 3-0 ýeňdi.

Fransiýa bolsa Awstraliýany 4-1, Daniýany 2-1, 1/8 finalda Polşany 3-1, çärýek finalda Angliýany 2-1, ýarym finalda-da Marokkony 2-0 utdy.

MESSIMI ÝA-DA MBAPPE?!

Argentina 12 gol geçirip, 5 gol geçirtdi. Fransiýa 13 gol geçirip, 5 gol geçirtdi. Argentinleriň gollarynyň 5-sini Lionel Messi, 4-sini Hulien Alwares geçirdi. Enzo Fernandes, Mak Allister hem-de Molina dagy beýleki gollary derwezä girizdiler.

Fransiýada hem edil Argentina ýaly 5 goly Messiniň klubdaşy Mbappe, 4-sini Žiru öz adyna ýazdyrdy. Şeýle-de, Rabio, Tçuameni, Teo Hernandes we Kolo Muani 1 gezek tapawutlandy.

Mbappe soňky 2 duşuşykda tapawutlanmak başartmady.

Iň köp gol geçirenleriň sanawynda Messi bilen Mbappe birinjiligi paýlaşýarlar. Bu duşuşyk çempionatyň iň netijeli, şol sanda iň ökde oýunçysyny-da kesgitlejek duşuşyk bolar.

Ýene degişli makalalar

… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde
Ýewro ― 2024: Ispaniýa ilkinji finalçy boldy
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Amerikanyň kubogy ― 2024: Argentina Messiniň goly bilen finala çykdy
Lionel Messiniň 45-nji kubogy
4 ýylda 4 kubok (makala)