Argentina bilen Ekwador, Urugwaý bilen Braziliýa çärýek finalda duşuşar

ABŞ-da dowam edýän 48-nji Kopa Amerika çempionatynda toparçadaky duşuşyklar tamamlanyp, çärýek finala çykanlar belli boldy. Ýaryşy guraýjy ABŞ-nyň, şol sanda Meksikanyň çärýek finala çykyp bilmän, olaryň ornuna Wenesueladyr Panamanyň ýaryşy dowam etmegi köpleri geň galdyrdy.

Çempionlygyň iki dalaşgäri çärýek finalda duşuşar

Çärýek finalda 5-nji iýulda Argentina bilen Ekwadoryň (06:00), 6-njy iýulda Wenesuela bilen Kanadanyň (06:00), 7-nji iýulda-da Kolumbiýa bilen Panamanyň (03:00) hem-de çempionlygyň 2 esasy dalaşgäri Urugwaý bilen Braziliýanyň (06:00) ýygyndylary duşuşarlar. Duşuşyklar Aşgabat wagty bilen daňdanlar oýnalar.

Çärýek finalyň iň esasy duşuşygy Urugwaý bilen Braziliýanyň arasyndaky oýun hasaplanýar.

Nobatdaky oýun olaryň özara 80-nji duşuşygy bolar.Iki toparyň mundan öňki 79 duşuşygynda Braziliýa 38, Urugwaý 21 gezek ýeňiş gazandy. 20 oýun deňlikde tamamlanyp, braziller 142, urugwaýlylar 100 gol geçirdi.

Ýarym final duşuşyklary 10-11-nji iýulda, 3-nji ýer üçin duşuşyk 14-nji iýulda, final duşuşygy bolsa 15-nji iýulda daňdan wagtlarda oýnalar.

48-nji Kopa Amerikanyň çärýek final duşuşyklary

5-nji iýul (anna)

Argentina Ekwador (06:00) “NRG Stadium” – Hýuston, Tehas

6-njy iýul (şenbe)

Wenesuela Kanada (06:00) “AT&T Stadium” Arlington, Tehas

7-nji iýul (ýekşenbe)

Kolumbiýa Panama (03:00) “State Farm Stadium” Glendeýl, Arizona

Urugwaý Braziliýa (06:00) “Allegiant Stadium” Paradaýs, Newada

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala çykdy
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
4 ýylda 4 kubok (makala)
Argentinamy ýa-da Kolumbiýa?!
Super ýyldyzlar Ronaldo, Neýmar meýdança çykýar: 5-nji günüň duşuşyklary