Arçman şypahanasynda bejeriş merkeziniň goşmaça binalary gurlar

Arçman şypahanasynda bejeriş merkeziniň goşmaça binalary gurlar

Arçman şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistan gazetinde çap edilen degişli bildirişde aýdylýar.

Has anygy, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy esasynda Bäherden etrabyndaky binalar toplumyny gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi.

Bildirişde beýan edilişi ýaly, gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Ahalda ýer-suw dartgynlylygy güýçlenýär, ýüzlerçe aýal-gyz işini ýitirýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Serdar Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykýar
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryna 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç almaga rugsat berdi, Türkmenistanyň ilatynyň sany 7 million adamdan gowrak boldy, Aşgabatda ilkinji saglyk festiwaly geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler
Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi 1-nji awgustdan 1-nji sentýabra çenli dynç alyşda bolar