Aratapawut 10 utuga düşdi

Moto GP boýunça möwsümiň 16-njy ýaryşy Ýaponiýanyň Motegi şäherindäki “Mobility Resort Motegi” trassasynda geçirildi. 24 aýlawdan ybarat ýaryşda soňky çempion Françesko Banaia ýeňiş gazandy. “Ducati Lenovo” toparynyň italýan sürüjisi ýaryşy 42 minut 09,790 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň şu möwsümdäki 8-nji, karýerasyndaky 26-njy ýeňşidir.

Ýaryşda 2-nji orny ispaniýaly Horge Martin eýeläp, “Prima Pramac” toparynyň sürüjisi ýeňijiden 1,189 sekunt yza galdy. Münberiň 3-nji basgançagyna bolsa “Gresini Racing” toparynyň ispan piloty Mark Markes çykdy. Italiýaly Enea Bastianininiň (“Ducati Lenovo”) 4-nji bolan ýaryşynda watandaşy Franko Morbidelli (“Prima Pramac”) 5-nji ýeri eýeledi.

Geçirilen Ýaponiýa Gran Prisinden soň möwsümiň tamamlanmagyna 4 ýaryş galanda, sanawyň lideri Horge Martin bilen Françesko Banaianyň arasyndaky utuk aratapawudy 10-a düşdi. Martiniň 392, Banaianyň 382 utugy bar. Bastianini 313, Markes 311 utuk bilen 3-4-nji orunlary paýlaşýarlar.

Möwsümiň 17-nji ýaryşy 20-nji oktýabrda Awstraliýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji mikrotolkunly peç
Täze çempion
Täze çempion
Awstriýada Baýnder ýeňiji boldy
Karýerasyndaky ilkinji birinjiligi
Çempionlyk ugrunda ýiti göreş