ARASSAÇYLYK SAGLYKDYR

ARASSAÇYLYK SAGLYKDYR

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň kemsiz-köstsüz berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýar. Ýokanç keseller, esasan, hapa ellerden, bişirilmedik iýmitlerden we arassalanmadyk suwdan geçýär.Saglygy berkitmek üçin hökman arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli.

Bu islendik pursatda zerurdyr, muny her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys.Her bir ene-ata bu babatda çagalaryna gözegçilik etmelidir.Dürli ýokanç kesellerden goranmak hem-de sagdyn, berk bedenli bolmak üçin arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, fiziki maşklar bilen meşgullanmaly. Ýiti respirator kesellere ýolukdyrýan wiruslar arassa howada uzak ýaşap bilmeýär. Şonuň üçin hem öýiçeriňizi arassa saklaň, çygly arassaçylyk işlerini ýygy-ýygydan geçiriň! Şahsy arassaçylyk kadalarynyň pugta berjaý edilmegi keselden goranmaga ýardam berýär.

Iş ýeriňizi arassa saklaň.Peýdalanýan enjamlaryňyzy, el telefonlaryňyzy we beýleki şahsy zatlaryňyzy zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen yzygiderli süpüriň!Eli ýygy-ýygydan ýuwmak peýdaly endik bolup, ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär.

Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar we bakteriýalar elde toplanyp, ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär.Hut şonuň üçin hem naharlanmazdan öň, daşarda gezelenç edilenden soň, asgyrylandan we üsgürilenden soň eliňizi gowy edip sabyn bilen ýuwmaly.

Elimiziň aýasydyr arkasyny hemde syňraklarymyzy sabynlap, akar suwuň aşagynda 20 sekuntlap ýuwmaly.Günüň dowamynda zyýansyzlandyryjy erginleri hem ulanmaly.Sabynyň antiseptik görnüşlerini peýdalanmak has netijelidir.Aşhana hemişe arassa bolup, ondaky enjamlar, gazanlar, okaralar arassa ýerde, tämiz tekjelerde saklanmalydyr.

Gap-gaç süpürgiçleri her gün ýuwlup, Güne serlip guradylmalydyr.Diňe arassalanan ýa-da gaýnadylyp sowadylan suwy ulanmaly.Mundan başga-da, jaýyň içi we daş-töweregi elmydama tämiz saklanmalydyr.

Mahlasy, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek kesellerden goranmagyň iň esasy şertleriniň biridir.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Ýene degişli makalalar

Sagdyn ýaşaýyş üçin maslahatlar
Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:
Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler
Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler
Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy, Pekinde Türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi, Türkmenistanda aýratyn hyzmatlary üçin Şahsy pensiýa girizildi we beýleki habarlar
Türkmenistanly talyplar matematika boýunça halkara bäsleşiginde altyn medala mynasyp boldular
“Nokia” Türkmenistan bilen şahsy kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär