Arassa Nusga türkmen kärhanalaryna netijeli sanly gurallary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etdi

Arassa Nusga türkmen kärhanalaryna netijeli sanly gurallary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etdi

Konsalting hyzmatlaryny we maglumat tehnologiýalary pudagynda integrirlenen çözgütleri hödürlemäge ýöriteleşen Arassa Nusga kompaniýasy biznes-proseslerini awtomatlaşdyrmak arkaly Türkmenistdanda telekeçiligiň ösmegine ýardam edýär.

Bu makalada konsalting kompaniýasynyň 2023-nji ýylda türkmen biznesine we işewürlik biliminiň ösmegine görnetin goşant goşan ajaýyp taslamalary barada gürrüň bereris.

Arassa Nusga kompaniýasy el halylary dokamak işini alyp barýan Halaç kärhanasyna ERP-ulgamy ornaşdyrmak işlerinde goldaw berdi. Bu öz grezeginde hasabaty işjeňleşdirmäge, önümçilik amallaryny dolandyrmaga hem-de kärhananyň seljerme işlerini gurmaga mümkinçilik berdi. Bu taslama Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň taryhy taýdan möhüm pudaklarynyň birinde sanly transformasiýanyň üstünlikli ýola goýulmagynyň ajaýyp mysalyna öwrüldi.

2023-nji ýylda kompaniýa sebitdäki telekeçiler we dolandyryjylar üçin Ýewropa täzeleniş we ösüş bankynyň goldaw bermeginde Biznes Klinika taslamasynyň çäklerinde Maliýe däl dolandyryjylar üçin maliýe atly seminarlaryň tapgyryny geçirdi. Arassa Nusganyň tejribesi diňleýjilere maliýe sowatlylygyny berkitmäge we awtomatlaşdyrylan analitikanyň hem-de maglumatlara esaslanýan guramany dolandyrmagyň gurallarynyň netijeliligini aýdyň görmäge ýardam etdi.

Medeniýet we bilim pudagynda gazanylan üstünlikleri göz öňünde tutup, Arassa Nusga Arkadag şäherindäki muzeý üçin innowasion onlaýn-gid ulgamyny işläp taýýarlady. Programma bu ýere gelýänlere öz smartfonlary arkaly interaktiw formatda gyzykly taryhy maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Müşderilere amatly hyzmatlary üpjün etmekden başga-da, seljerme ulgamy muzeýiň ýolbaşçylygyna iş resurslaryny optimizirlemäge we sergileri dolandyrmaga kömek berdi.

Awtomatlaşdyrma işlerinde dünýäniň sanly tendensiýalaryna eýermek bilen, Arassa Nusga ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň goldaw bermeginde dürli biznes ugurlary bolan (dürli geografiki sebitlerde ýerleşýän — şöhlat önümçiligi, iş eşikleriniň tikinçiligi, ýyladyşhana toplumy) Degirmen Group kompaniýa birleşiginiň üç sany önümçilik meýdançasynda Logo Tiger 3 ERP-ulgamyny parallel durmuşa geçirmek boýunça taslamany amala aşyrdy.

Arassa Nusga kompaniýasy Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň we ÝTÖB-niň goldawy netijesinde ýaşlary hünär taýdan kämilleşdirmäge hem goşant goşdy. Talyplaryň täjirçilik guramalarynda iş tejribesini gazanmagyna ýardam eden tejribe maksatnamasy ýerli biznesi ösdürmäge hem-de geljekki hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirildi.

Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň pikirine görä, bu başlangyç diňe bir öwreniji hünärmenleriň işlemegi netijesinde tejribeli hünärmenleri gündelik işlerden boşatmak bilen işgärleriň iş netijeliligini ýokarlandyrmaga däl-de, eýsem kompaniýanyň içindäki başarnyklaryň işjeň ösmegine hem oňyn täsir etdi.

Kiçi we orta telekeçilikde maliýe hasabatyny we seljeriş ulgamyny awtomatlaşdyrmaga bolan islegiň artmagy netijesinde, Arassa Nusga kärhanalaryň işinde BI (Business Intelligence) gurallaryny maslahat bermek we durmuşa geçirmek arkaly bazardaky ornuny berkitmegi dowam etdirýär.

Kompaniýa biznes jemgyýetçiligi amallaryny netijeli dolandyrmak we häzirki zaman tendensiýalary bilen aýakdaş gitmek mümkinçiligi bilen üpjün edip, awtomatlaşdyrylan çözgütler pudagynda geljekde has uly özgertmeleri amala aşyrmagy maksat edinýär.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Olaf Şols dalaşgärlige hödürlendi
Forest Uitakere Kann kinofestiwalynyň hormatly “Altyn palma şahasy” gowşurylar
Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi yglan edildi
Ýaponiýada Kliniki Hassahanada Bolan Ýangynda 28 Adam Agyr Ýaralandy
Ýaponiýada Kliniki Hassahanada Bolan Ýangynda Ýogalanlaryň Sany 19 Adama Ýetdi
Britaniýa Omicron ştammyna garşy COVID-sanjymyny tassyklady