Arassa ganly: Ferrari Purosangue krossoweri bilen tanyşdyrdy

Arassa ganly: Ferrari Purosangue krossoweri bilen tanyşdyrdy

Ferrari kompaniýasy Ferrari Purosangue krossoweri bilen tanyşdyrdy. Onuň ady arassa ganly diýip terjime edilýär.

Ferrari Purosangue-niň göwrümi 3018 mm teker bazaly ýagdaýda 4973x2028x1589mm bolup durýar. Awtoulagyň agramy 2033 kg, bagažniginiň göwrümi 473 litr, benzin bagynyň göwrümi 100 litr bolup durýar. Awtoulagyň esasy aýratynlyklarynyň biri yzky gapylary bilen bagly, olaryň elektropriwody bar we hereketiň garşysyna giňden açylýarlar. Ferrari Purosangue-yň salony dört adama niýetlenen.

Awtoulag 715 at güýjüne deň bolan täze 6,5 litrlik V12 atmosfera hereketlendirijisine, şeýle hem goşa ssepleniýeli sekiz basgançakly “robota” we doly herekete getirijä eýe boldy.Bary-ýogy 3,3 sekundyň içinde 0-dan 100 km/sag çenli bat alýar, 10,6 sekuntda 200 km/sag çenli bat alýar, aňrybaş tizligi bolsa 310 km/sag-dan geçýär.

Awtoulag indiki ýyl 390 müň ýewro bahadan satlyga çykar. Ýedi ýyllyk goldaw bilen tehniki hyzmat hem onuň bahasyna girýär.Kompaniýanyň täze ulagdan köpçülikleýin model ýasamajakdygyny eýýäm Ferraride mälim etdiler: “Biz esaslandyryjymyz Enso Ferrariniň eksklýuziw bolup galmak missiýasyna eýerýäris”.

Ýene degişli makalalar

Anjelina Joliniň ulagy satylar
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Halkara sambo federasiýasynyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
Russiýanyň demir ýollary Türkmenistanyň çäginden üstaşyr ýük daşamalary üçin 20% arzanladyş yglan etdi, Belawia Türkmenbaşa howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar, türkmenistanly talyplar Spelling Bee atly halkara bäsleşiginde ýeňiji boldular
Italiýa Aşgabatda täze ilçi belleýär
Ferstappen möwsümi ýeňiş bilen tamamlady