Arassa energiýa üçin maýa goýum goýar

Nebit we gaz pudagynda iş alyp barýan Italiýanyň ENI kompaniýasy arassa energiýa bilen işleýän ulag pudagynda iş alyp barmak üçin aýratyn şereket döretdi. “Eni Sustainable Mobility” atly şereket dolulygyna italýan kompaniýasyna degişli bolup, arassa energiýa bilen işleýän ulag ulgamynda işlär.

Täze şerekete mundan ozal “Eni Energy Evolution”-da işlän Stefano Ballista ýolbaşçylyk eder.Kompaniýa bu barada beren beýanatynda täze şereketiň energiýa geçişine goldaw berýän we ähli prosesde “nol zyýanly gaza” ýetmegi çaltlandyrýan hyzmatlary we harytlary bir ýere jemlejekdigini belledi. “Eni Sustainable Mobility” Italiýada we beýleki ýurtlarda bioarassalaýyş, biometan we beýleki önümleri işläp taýýarlar. Şereketiň Wenesiýada we Gelada energiýa serişdelerini bio usulda arassalaýan önümçilik desgalary bar. Şeýle hem bu şereket Malaýziýadaky Liworno we Pengerang şäherlerinde täze taslamalary duruşa geçirer.

Mundan başga-da şereket Ýewropada wodorod, elektrik energiýasy, biometan we HVO (Wodorodlaşdyrylan ösümlik ýagy) ýaly energiýanyň täze çeşmeleriň satuwyny amala aşyrýan we paýlaýan 5 müňden gowrak söwda nokadyny açar. Bu beketler awtoulaglaryň kärendesine berilmegi ýaly hyzmatlary hem amala aşyrar.

Gurbanmuhammet Rozyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Dubaýda Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy
Türkmenistan BMGÖM ekspertleriniň öňünde ykdysady üstünlikleri bilen öwündi
Howadan suw öndürýär
Turkmenistan is hosting the International Conference “Rational use of water resources key for achieving the Sustainable Development Goals”
The ceremony of signing a joint program with the UN was held at the MFA of Turkmenistan