Arassa energiýa üçin maýa goýum artar

Halkara Energetika Agentligi bilen Halkara Maliýe Guramasynyň ýaýradan maglumatynda dünýäde energiýa pudagyna degişli çaklamalar berilýär.Maglumatda ösüp barýan ýurtlarda energiýanyň arassa çeşmelerden alynýan möçberiniň artdyrylmagyna zerurlyk duýulýandygy bellenilýär.

Bu ýurtlarda 2035-nji ýyla çenli ýyllyk özleşdirilýän maýa goýumyň häzirki 773 milliard dollaryndan 2,8 trillion dollara ýetirilmelidigi aýdylýar.Hytaý hasaba alynmanda bolsa, bu maýa goýum 262 milliard dollardan ýedi esse artdyrylyp, 1,9 trillion dollara ýetirilmeli bolar.

Halkara Energetika Agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl ösüp barýan ýurtlarda gaýtadan dikeldilýän energiýa üçin goýberilen 773 milliard dollarlyk maýa goýumyň 511 milliard dollary Hytaýa degişli bolupdyr.Galan 262 milliard dollarlyk maýa goýumyň 82 milliard dollary Hindistan we beýleki Aziýa ýurtlaryna degişli bolupdyr.

Bu görkezijiniň 66 milliard dollary Günorta Amerika, 52 milliard dollary Ýakyn Gündogar we Ýewraziýa, 32 milliard dollary Afrika we 30 milliard dollary Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynda hasaba alnypdyr.

Maglumatda Hytaýdan beýleki ösüp barýan ýurtlarda gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagy üçin goýberilýän maýa goýumyň 135 milliard dollarynyň hususy pudak tarapyndan üpjün edilendigi we bu görkezijiniň geljek 10 ýylda 1,1 trillion dollara ýetirilmegine zerurlyk duýulýandygy bellenilýär.

Maglumatda bu maýa goýum özleşdirilen ýagdaýynda ösüp barýan ýurtlarda energiýanyň arassa çeşmelerden üpjün edilmeginden başga-da, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine mümkinçilik berjek ykdysady ösüşiň gazanyljakdygy bellenilýär. Şeýle hem şu ýyl arassa energiýa üçin goýberilýän maýa goýumyň 1,7 trillion dollara ýetmegine garaşylýar.

Ahmet BÄŞIMOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Elektrik energiýasyna isleg ýokarlanýar
Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy energetika döwleti
Özbegistanly talyp Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guran bäsleşiginde ýeňiji boldy
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Ýaş alymlaryň maslahatyna gatnaşdylar
Türkmen bitaraplygy parahatçylygyň nyşany
Türkmenistanyň ýaş alymlary Soçide geçirilen kongresse gatnaşdylar