Arap we Musulman Ýurtlar BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşine Çagyryş Etdi

Arap we Musulman Ýurtlar BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşine Çagyryş Etdi

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň we Arap ligasynyň nobatdan daşary ýagdaýda geçiren bilelikdäki sammitiniň jemleýji jarnamasynda, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine, Gaza Sektorynda hüjümleriň bes edilmegi üçin degişli karar kabul etmegi dogrusynda çagyryş berildi.

Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda arap we musulman ýurtlaryň liderleriniň gatnaşmagynda geçirlen bilelikdäki sammitden soň jemleýji jarnama kabul edildi.

Jarnamada, Ysraýylyň halkara hukugyny basgylamaga dowam edýändigi nygtalyp, BMG-nyň degişli çäre görüp bilmändigi we halkara jemgyýetçiliginiň bu meselede üstünlik gazanyp bilmändigi nygtaldy.

Jarnamada, Howpsuzlyk geňeşine, Gazada hüjümleriň bes edilmegi we ynsanper kömeginiň Gaza girmegine rugsat berilmegi üçin degişli kararyň kabul edilmegi barasynda çagyryş berildi.

Jarnamada, Ysraýylyň eden jenaýatlarynyň garaşsyz topar tarapyndan barlanmagy talap edildi.

Jarnamada şeýle hem Halkara Adalat diwanynyň kararlary ýatladyldy we şol kararlaryň gysga wagtda ýerine ýetirilmegi talap edildi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarý
Türk metbugatynyň gysgaça mazmunmy
Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmak we köptaraply strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama
“Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder”
Prezident Erdogan Halkara Guramalara Reaksiýa Bildirdi
MHG-nyň Maslahaty Prezidentiň Kompleksinde Geçirildi