Arap maýa goýum gaznasy Milan klubuny 1,2 mlrd ýewro satyn alyp biler

Arap maýa goýum gaznasy Milan klubuny 1,2 mlrd ýewro satyn alyp biler

Arap maýa goýum gaznasy Italiýanyň “Milan” klubuny häzirki eýelerinden, Elliot amerikan firmasyndan satyn almagy meýilleşdirýär. Şertnamanyň bahasy 1,2 mlrd ýewro bolup biler. Elliot Management Corporation amerikan firmasy 2018-nji ýylyň tomsundan bäri “Milana” eýeçilik edýär. Bu klubuň öňki eýesi hytaýly işewür Li Ýunhun tarapyndan gaznanyň öňünde kredit karzynyň tölenmezligi sebäpli bolup geçdi.

Ýöne geçen ýylyň ortalarynda Elliot kompaniýasynyň futbol aktiwi üçin alyjylary gözleýändigi barada gürrüňler peýda boldy. “Milanyň” ýolbaşçylaryna Bahreýnde ýerleşýän Investcorp arap maýa goýum gaznasy çykdy.Insaýderleriň maglumatlaryna görä, kluby satyn almak boýunça şertnama tamamlanmaga ýakyn. “Milanyň” ýolbaşçylygy topary 1,2 mlrd ýewro satmaga taýýar diýip, Il Sole 24 Ore habar berýär.

Investcorp 800 million tölär, mukdaryň üçden bir bölegi bolsa Goldman Sachs-dan, JPMorgan-dan we beýlekilerden ybarat bolan banklar toparyny hem öz içine alýan beýleki çeşmelerden geler.

Ýene degişli makalalar

Iki kompaniýa “Milany” satyn almak isleýär
Howa şarynda dünýäniň iň köp ýurduny syýahat etdi
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!
Elli ýyllyk karton jaý
Tom Kruz köne başdan geçirmäni ýatlaýar
13 ýaşynda uçurym bolar