Araly halas etmekde işjeň hyzmatdaşlyk

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiz 20172019-njy ýyllar üçin Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýär.Milli Liderimiziň baştutanlygynda bu gurama başlyklyk edýän ýurdumyz paýawlap barýan ýylda köp sanly duşuşyklary we çäreleri geçirdi.

Olaryň iň esasysy 24-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygydyr.Mundan ozal, şeýle derejedäki duşuşyk 2009-njy ýylda Gazagystanda geçirilipdi.Bu gezekki sammit hem oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň hem-de halkara guramalaryň başlyklarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Esasan hem, hormatly Prezidentimiziň Aralyň ýakasynda durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly möhüm meseleleri çözmek boýunça öňe süren başlangyçlary giň goldawa eýe boldy.“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Türkmenistanda döwlet saparynda bolan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.

Bu sammit şol birwagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň hem özboluşly ýokary derejedäki duşuşygyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

25.08.2018 | AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça maslahat
11.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
11.10.2019 | Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi
30.05.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer-ministrini kabul etdi
Berdimuhamedow gyrgyz çarwa oýunlaryna we türki dilli döwletleriň sammitine gitmedi
Prezident Berdimuhamedow Ukrainanyň täze wezipä saýlanan prezidenti Zelenskiýni heniz gutlamady
Türkmen metbugaty goňşy Gazagystanda bolup geçýän soňky wakalar barada dymyşlygy saklaýar