Araly halas etmegiň halkara gaznasyna 3 ýyllap Gazagystan başlyklyk eder

15-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti geçirildi.Sammitiň jemleri boýunça Araly halas etmegiň halkara gaznasyna öňümizdäki 3 ýylyň dowamynda başlyklyk etmek Gazagystana geçdi we ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu gaznasynyň prezidenti wezipesine saýlandy.

Bu barada Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçysy Sulton Rahimzoda habar berdi.

Sammite gatnaşyjy döwlet Baştutanlarynyň kabul eden çözgüdine laýyklykda, Gazagystanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň prezidenti wezipesine 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 3 ýyllyk möhlet bilen saýlandy. Şeýlelikde, gazna başlyklyk etmek 3 ýyllygyna Gazagystana geçdi diýip, Rahimzoda belläp geçdi.

Araly halas etmegiň halkara gaznasy 1993-nji ýylda Aral deňziniň sebitiniň ekologiýa ýagdaýynyň erbetleşmeginiň netijesinde döredildi. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň maglumatyna görä, deňziň guramagy 50 million adamyň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirdi.

Soňky birnäçe ýylda Aral deňziniň guran ýerlerinde 1,7 million gektar meýdanda tokaý zolaklary döredildi. Geljek 2 ýylda “ýaşyl” zolaklaryň gerimini ýene-de 400 müň gektar artdyrmak meýilleşdirilýär.

Aral deňziniň sebitindäki biodürlüligi saklap galmak üçin 3,5 million gektarda tebigy seýilgähler we goraghanalar döredildi. Aral deňzi sebitinde goralýan tebigy meýdanlaryň umumy meýdany 4,6 million gektara barabar boldy.

Ýene degişli makalalar

Pakistanda Polisiýa Işgärleri Nyşana Alyndy
Azerbaýjan Eýrana Reaksiýa Bildirdi
Owganystanda Aşa Sowuk Howa Täsirini Dowam Etdirýär
Owganystanda Aşa Sowuk Howalar Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Eýranyň ýygyndysyna Saka we ýoldaşlaryny saklamak başartmady
Özbek artistleri Daşoguzda ebedi söýgi hakda liriki drama görkezerler