Aşgabatda penşenbe güni Halkara Ýer gününiň bellenilmegi mynasybetli wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn dialog” geçirildi. Onuň barşynda Aral deňziniň sebitinde ekologiki abadançylygy saklamak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alşyldy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşine görä, bu çäre Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýardam bermeginde guraldy.
Habarda bellenilişi ýaly, çärä ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda daşky gurşawy goramak ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklaýan abraýly halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan Aral deňzini gorap saklamagy we bu deňziň basseýnindäki ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagynyň meselelerine gönükdirilen tagallalary we başlangyçlary boýunça çykyş etdi.
Maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary Husiddin Şarofiddinow, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Natiýa Natswlişwili, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudow, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa sebiti boýunça sebitleýin edarasynyň wekili Sumiter Broka, şeýle-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Ýaşyl Merkezi Aziýa” maksatnamasynyň dolandyryjysy Dr.
Karolina Milow dagylar çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly şu ýylyň aprel aýynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda wise-premýer Mämmetmyrat Geldinyýazowa ýurdumyzda Aral deňziniň guramagy sebäpli onuň ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin kabul edilen toplumlaýyn çäreleri, ylmy merkezleriň, hassahanalaryň gurluşygyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.