Aral milli maksatnamasy durmuşa geçirilýär

26-njy maýda Daşoguz welaýatyna geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bu babatda ýurdumyzda Aral deňzi bilen baglanyşykly ýagdaý bilen şertlendirilen täsirleri azaltmaga hem-de ýerli ilatyň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan halkara derejede oňyn başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan işlerde hem Aral deňziniň ekologiýa meselelerine örän uly ähmiýet berilýär.Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy işlenip taýýarlandy we geçen ýylyň 22-nji oktýabrynda kabul edildi.

Bu Maksatnama Daşoguz welaýatynda durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen esasy resminama boldy.Maksatnama laýyklykda, Daşoguz welaýatynda 3 sany köpugurly hassahanany, 7 sany suw arassalaýjy desgany gurmak, Daşoguz şäherinde kuwwatlylygy 120 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutuldy.

Aral milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan 86 taslamadan 48-si Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), Çagalar Gaznasy (UNICEF), Ilat Gaznasy (UNFPA), Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO) we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek bolar.

Aral deňziniň sebitinde daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan halkara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Häzirki wagtda howanyň ählumumy üýtgemegi netijesinde, Aral deňzi bilen bagly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi, şol sanda biziň ýurdumyzda halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we olardan netijeli peýdalanmak işleri aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň, şeýle hem adamlaryň saglygy barada hemmetaraplaýyn alada etmegiň, şol sanda ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meseleleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilendigini belledi. 27-nji maýda Daşoguz welaýatynda durmuş ähmiýetli möhüm desgalaryň açylmagynyň göz öňünde tutulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz beýan edilen teklipleri makullap, Aralýaka sebitinde ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge, umuman, sebitde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyny gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG: hyzmatdaşlyk boýunça 26 sany resminama gol çekildi
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ ÝÖRITELEŞDIRILEN EDARALARY BILEN RESMINAMALARYŇ TOPLUMYNA GOL ÇEKILDI
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Türkmenistan we BMG hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak ugruny tassyklaýarlar
Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň ilat statistikasy tejribesini öwrenýär