Eýranyň Daşary işler ministrniň syýasy orunbasary, gepleşikleriň bu döwründe netijä ýetmäge özüniň ynamly däldigini aýtmak bilen Delegasiýalar has giňişleýin maslahatlaşmak üçin öz ýurtlaryna ýene bir gaýtar dolanmaklary mümkindir, her çen bu barada entek gutarnykly karara gelinen däldir diýdi.
IRNA-nyň habaryna görä, "Seýed Abbas Aragçi" Wenadaky gepleşikleriň gidişi barada beren gürrüňlerinde Wenadaky gepleşikleri bir hepde bäri yzarlaýarys, gepleşikler gaty çylşyrymly. agzala bolan asly meselelerimize ýetdik. şu wagta çenli gowy ösüş gazandyk we oňýn ýoly geçdik öýdýäris diýdi.
Aragçi şeýle-de biz indi aç-açan agzalalyklary döretýän meseleleri barlap duran nokadyndadyrys diýmek bilen tekstler taýýarlandy. Köp tekst taýýar, ýöne jedelli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şu günler köp intensiw ýygnaglary geçirdik. Şu gün Orsýet we Hytaý bilen üç taraplaýyn duşuşyk geçirdim diýdi.
Eýranyň gepleşik toparynyň başlygy şeýle-de şu gün beýleki ýygnaklaryna ünsi çekip: Biziň, Orsýet we Hytaý arasynda gowy sazlaşyklar bardyr diýdi.
Aragçi şeýle-de şu wagta çenli gowy ýoluň ädilendigini belläp, Bu döwürde netijä geljekdigimize özüm ynanamok. Ýöne muňa garamazdan, tagallalarymyzy dowam etdireris diýip nygtady.