Apreliň yzygiderli medeni we sport çäreleri studentleri ýadadýar

Apreliň yzygiderli medeni we sport çäreleri studentleri ýadadýar

Aşgabatly studentler özleriniň çärelere çekilişiniň şu wagt öň görlüp-eşidilmedik derejelere baryp ýetendigini aýdýarlar. Bu ýagdaýda olaryň bilimine ýetýän erbet täsirlerden başga, saglygyna uly zyýan ýetýändigini ýaşlar nägilelik bilen gürrüň berdiler.

Şu günler ýokary okuw jaýlarynyň studentleri irden 7-de eýýäm aýak üstünde bolýarlar. Olar ylgamak we fiziki maşklary köpçülik bolup berjaý edýärler. Bu olardan borç hökmünde talap edilýär.

Şeýle maşklar Türkmenistanyň orta mekdeplerinde we döwlet edara-kärhanalarynda hem geçirilýär.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan türkmenistanly ýaşlaryň sözlerine görä, käbir studentler çärelere gatnaşmakdan saklanjak bolan halatynda olara okuwdan çykarmak bilen haýbat atylýar.

"Käbir talyplar özleriniň ylgamaga we agyr fiziki maşklary ýerine ýetirmäge saglygynyň çydamaýandygyny aýdanlarynda, okuwa gireniňizde saglygy ýaramly diýip, saglyk merkezinden getiren saglyk kepilnamaňyz bar. Eger ýaramaýan bolsaňyz, okuwdan gidiň diýip, talyplaryň ýüzüni alýarlar" diýip, paýtagtly student gürrüň berdi.

Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan studentleriň birnäçesiniň gürrüň bermegine görä, olar dynç günlerinden mahrum edilýär.

"Bag ekdirilýär, şenbe we ýekşenbe günleri bolsa daňdandan tä 14:00 çenli ipodromlarda at çapyşygyna tomaşaçy bolýarys. Teatrlara barmaly we stadionlarda gurnalýan fonogramaly aýdym-saz diňlemeli. Döwlet derejesinde götergilenýän tigir sürmäge we 'sagdyn ýörelge' diýlip atlandyrylýan sport çärelerine hökmany gatnaşmaly. Muňa mugallymlar hem gatnaşdyrylýar" diýip, ýene bir student gürrüň berdi.

Agyr ýadawlyk basýarÝaşlar ýazyň başyndan ençeme hepde bäri yzly-yzyna dowam edýän çärelerden özleriniň örän ýadawdygyny, saglygynyň çydamaýandygyny gürrüň berdiler.

Azatlyk Radiosyna eýeterli bolan suratlarda studentleriň teatrlardaky tomaşalarda we beýleki çärelerde uklap galandygyny görmek mümkin. Azatlyk soňky günlerde düşürilen bu suratlary çeşmeleriň we suratlardaky ýaşlaryň howpsuzlygy sebäpli çap etmekden saklanýar.

Studentler ýurtda ýyllarboýy geçirilýän köpsanly köpçülikleýin çäräniň esasy gatnaşyjylary bolýarlar.Olar köplenç daňdan agşama çenli suwsuz, azyksyz, tomsuň yssysynda günüň aşagynda we gyşyň aýazly howasynda ýuka geýimli bolmaga mejbur edilýärler.

Guramaçylar ýaşlaryň hatda hajathana zerurlyklaryna-da üns bermeýärler. Şeýle mejburlyklara tabyn edilýän ýaşlardan bagtly durmuşda ýaşaýandygy we hökümete minnetdardygy barada şygarlar hem-de bagtly görünmäge, şatlyk beýan etmek talap edilýär.

Medeni çärelere tomaşaçy bolmaga mejbur edilýän studentler öz islegine garşy, diňe häkimiýetleriň talabyny berjaý edýän hem bolsalar olar bilet satyn almak, toý we sport lybaslaryny edinmek ýaly çykdajylary öz hasabyna etmeli bolýarlar.

Türkmen ýaşlary diňe bir ýylyň dowamynda ýüzlerçe çärä gatnaşdyrylýar. Emma olar soňky iki aýda çäreleriň hasam köpelendigini bellediler.

Aprelde türkmen häkimiýetleri bir aýlap Bütindünýä saglyk gününi belleýärler. Aprel her ýyl uly dabaralar bilen tapawutlanýar we ilat üçin goşmaça mejburlyga öwrülýär, ýurduň dürli künjeklerinde müňlerçe student sport çärelerine, pyýada we tigirli ýörişlere gatnaşmaly bolýar, býujetçiler hem çetde galmaýar.

Mart hem mejbury çäreleriň köplemegi bilen tapawutlandy. Ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan ýaşlar bag ekişlik işlerine we at çapyşygyna tomaşaçy bolmaga yzygiderli mejbur edildi.

Mejburlyk we gözegçilikAşgabatly syýasy bilermen ýaşlary dynuwsyz çärä çekmek tejribesini ilaty berk gözegçilikde saklaýan döwletiň syýasy guraly hökmünde häsiýetlendirdi.

"Ähli diktator ýurtlarda ýokary okuw jaýlarynyň talyplary režimiň gadagançylyklaryna garşylyk görkezip bilýän gatlagy emele getirýär. Şonuň üçin Türkmenistany totalitar režimi hem ýaşlardan howatyr edip, olaryň syýasat bilen gyzyklanmaga boş wagtynyň bolmazlygyny gazanýar" diýip, aşgabatly synçy Azatlyga anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmen hökümeti studentlere berk gözegçilik edýär. Hatda olaryň okuwdan boş wagtyny, şol sanda umumy ýaşaýyş jaýlaryndaky durmuşyny düzgünleşdirmäge synanyşýar. Käwagt ýaşlaryň kanikul döwründe öýlerine gitmegine rugsat berilmeýär. Dekabr aýynda ýokary we orta hünär okuw jaýlarynyň studentlerden Täze ýyl baýramçylygyny bellemezlige boýun bolmak talap edildi we olardan dilhaty alyndy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda Hatyra güni resmi däl görnüşde ýatlandy, býujet işgärleri gülküli oýunlara tomaşa etmäge mejbur edildi
Abrakadabra jadyly sözüň taryhy
Gazagystanly teatr artistleri Aşgabatda çykyş etdiler
Täjigistanyň M.Wahidow adyndaky döwlet ýaşlar teatry Aşgabatda geçirilýän halkara festiwalda çykyş etdi
Özbegistanyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry Şasenem we Garyp atly sahna eseri bilen Aşgabatda çykyş etdi
Teatr sungatynyň halkara festiwaly öz işine başlady