Aprel aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?

Aprel aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?

Ozal habar berşimiz ýaly, 29-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, indiki aýda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryny, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň, alymlaryň Milli “Ak bugdaý” muzeýine, Seýit Jemaleddin ýadygärligine hem-de “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasyna gezelenjini, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklere gezelençlerini guramak göz öňünde tutulýar.

Aprel aýynyň esasy çäreleriniň hatarynda Bütindünýä saglyk güni, Oraza baýramy we Türkmen bedewiniň milli baýramy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň hem-de Mary şäherindäki durky täzelenen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabaralary görkezildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Täjigistandaky Medeniýet günlerini, ýurduň Söwda-senagat edarasynda söwda toplumynyň sergisini, Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli maslahaty we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň we Türkmenistanyň akapella toparlarynyň bilelikdäki çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bellenilýän baýramlar we şanly seneler bilen baglanyşykly şu ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleri giňden ýaýbaňlandyrmak üçin ähli zerur işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.

Ýene degişli makalalar

HALK TEATRLARYNYŇ BÄSLEŞIGI
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
Gorkut ata halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar gadymy Änewe baryp gördüler
TÜRKMENISTAN — GADYMY SIWILIZASIÝALARYŇ OJAGY ATLY HALKARA YLMY DUŞUŞYK
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI