
Türkiýäniň 54 welaýatynyň eksporty ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde artdy.
Türkiýäniň aprel aýyndaky eksporty geçen ýylyň aprel aýy bilen deňeşdirilende 0,1 göterim artyp 19 milliard 272 million dollara barabar boldy.
Ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde bolsa eksport 2,7 göterim artyp 82 milliard 873 million dollara barabar boldy.
Ady agzalýan döwürde 54 welaýatyň eksporty artdy.
Stambul welaýatyndan aprel aýynda 4 milliard 75 million dollarlyk eksport edildi.
Eksport sanawynda Kojaeli 2 milliard 439 million dollar bilen ikinji, Izmir bolsa 1 milliard 843 million dollar bilen üçünji orny eýeledi.