Apple USB Type-C zarýad berijili iPhone-y synag edýär

Apple USB Type-C zarýad berijili iPhone-y synag edýär

Amerikanyň Apple kompaniýasy häzirki wagtda täze iPhone-nyň prototipini synagdan geçirýär. Onda kompaniýanyň gurluşlaryna mahsus bolan adaty Lightning zarýadkasy üçin porta derek beýleki öndürijileriň köpsanly modellerine mahsus bolan USB Type-C üçin kese deşik bolar. Bu barada anna güni Bloomberg agentligi habar berýär diýip, TASS habar berdi.

Eger kompaniýa şeýle gurluşlary bazara çykarmak kararyna geläýse, onda olar 2023-nji ýyldan bärde çykmaz, sebäbi bu ýylyň täze telefonlarynda Lightning portlary bolar diýip, bellenýär.Telefonlara şolar ýaly portlary oturtmak bilen, kompaniýa ulanyjylara zarýad berijiniň şol bir simine Apple-iň dürli gurluşlaryny birikdirmäge mümkinçilik berer.

Sebäbi öndürijiniň gajetleriniň bir bölegi eýýäm eýýäm USB-C bilen enjamlaşdyrylan: mysal üçin, iPad-iň köp planşetleri we Mac noutbuklary.Geçen ýylyň sentýabrynda Ýewrokomissiýa Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda ähli smartfonlaryň, planşetleriň, foto we diwokameralaryň, oýun prsitawkalarynyň zarýad berijileri üçin USB-C girişli standarty girizmegi teklip etdi.

Apple şol wagt Ýewrokomissiýanyň bu teklibiniň tehnologiýalar ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmaga päsgel berjekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Nebitiň bahasyny ýokarlandyrdy
Elektron enjamlar üçin birmeňzeş ülňi kabul edildi
Kuweýt Aziýa ýurtlaryna satýan nebitiniň nyrhyny gymmatlatmakçy
Reuters: Kuweýt Aziýa ýurtlary üçin nebitiň maý aýyndaky üpjünçiliginiň bahasyny ýokarlandyrdy
Volkswagen we Tesla iň abraýly kompaniýalaryň sanawyndan çykdy
Saudi Aramco заявила о планах повысит цены на все сорта нефти для всех регионов