“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar

“Apple” sentýabrda täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrar

“Apple” kompaniýasy şu ýylyň 12-nji ýa-da 13-nji sentýabrynda meýilleşdirilýän çärede täze “iPhone 15” modeli bilen tanyşdyrar. Bu barada “Bloomberg” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde “iPhone 15” smartfonlarynyň satuwyna 22-nji sentýabrdan başlamak meýilleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda çykaryljak “iPhone 15” smartfonlarynda soňky üç ýylyň iň wajyp özgerişleri jemlener. Bu smartfonyň “Pro” görnüşi ekranynyň töweregindäki has inçe çägi, titandan ýasalan ramkasy (häzirki modelleriň ramkasy poslamaýan polatdan ýasalan), iri kamera üýtgeşmeleri, USB-C zarýad portynyň barlygy, şeýle hem has tiz işleýän prosessorynyň bolmagy bilen tapawutlanar.

Kompaniýanyň üçünji çärýek boýunça mälim edilen maliýe netijelerine görä, “iPhone” smartfonlarynyň satuwy 2 göterim peselip, 39,67 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.

Hytaýyň “Foxconn” önümçilik desgalarynda COVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan önümçilik meseleler 2022-nji ýylyň dynç alyş söwdalarynda häzirki “iPhone 14” smartfonlarynyň satuwynyň azalmagyna getirdi. Maglumata görä, “Apple” kompaniýasy Günorta-Gündogar Aziýada üpjünçilik zynjyryny diwersifikasiýa etmegi maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Apple Hindistanda zawod gurar
“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
“iPhone 15” onlaýn görnüşde hödürlener
Önümçilik kärhanalaryny köpeldýär
Smartfon eksportyny ýokarlandyrar
Made in India: Hindistanda iPhone 13 öndürilip başlandy