“Apple” öz telefonlarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň satuwyna başlar

“Apple” öz telefonlarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň satuwyna başlar

Apple kompaniýasy “Self Service Repair” (“Özbaşdak abatlaýyş hyzmaty”) diýen at bilen ýörite hyzmaty işe girizer, oňa görä, kompaniýanyň telefonlaryny we planşetlerini ulanyjylar üçin ätiýaçlyk şaýlarydyr gurallaryň söwdasy ýola goýlar. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berildi.

Ilkinji nobatda satyn almak üçin iPhone 12 we iPhone 13 telefonlarynyň detallary, soňra M1 çipli Mac kompýuterleriň ätiýaçlyk şaýlary elýeterli bolar, hyzmat 2022-nji ýylda ABŞ-da işe goýberiler, soňky bir ýylyň dowamynda beýlek ýurtlara hem ýaýrar.

Apple öz önümleriniň abatlaýşy üçin 200-den gowrak şaýlaryň we enjamlaryň görnüşlerini satmagy meýilleşdirýär, kompaniýa özbaşdak abatlaýşyň bu ugurda ýeterlik tejribesi we bilimi bolan adamlara niýetlenýändigini habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Çelekende nebiti gazyp almakda Gazagystanda öndürilen Satti ýüzýän buraw desgasy ulanylar
Awtonom taksiler peýda bolar
Gurbanguly Berdimuhamedow IIM-niň Sport-ulag merkezinde täze sport ulagyny synagdan geçirdi, Türkmenistan Moskwadan Aşgabada awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy we beýleki habarlar
Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar
OPEK OGT-2023 forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy OGT-2023 halkara maslahatyna gatnaşar